Türkmenistanyň Prezidenti ÝHHG bilen 2026-njy ýyl üçin hyzmatdaşlyk meýilnamasyny tassyklady

  • 21.02.2026 01:46
  • 2.6k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) arasyndaky hyzmatdaşlygyň 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamasyny makullady. Bu barada anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň jemleri boýunça «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Gurama bilen özara gatnaşyklaryň meýilnamasy barada wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow hasabat berdi. Ol halkara guramalar, şol sanda ÝHHG bilen gatnaşyklary berkitmegiň ýurduň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygyny belledi. Hyzmatdaşlyk syýasy, ykdysady, ekologiýa we ynsanperwer ulgamlaryny öz içine alýar.

2026-njy ýyl üçin işleriň meýilnamasy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmäge, durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmäge hem-de ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilendir. Meýilnama öňüni alyş diplomatiýasyny ilerletmek, kiberhowpsuzlygy ýokarlandyrmak, gümrük we serhet gulluklarynyň işini kämilleşdirmek boýunça çäreleri hem göz öňünde tutýar. Şeýle-de, energiýa netijeliligine, howa meselelerine, adam hukuklaryny goramaga, gender deňligine we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini ösdürmäge aýratyn üns berildi.
Serdar Berdimuhamedow ÝHHG bilen gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň ähmiýetini nygtady we wise-premýere meýilleşdirilen işleriň ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.


düýn 20:55
1.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......