Türkmenistanyň zenanlary Halkara zenanlar güni mynasybetli pul sowgatlaryny alar

  • 21.02.2026 01:40
  • 6.8k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow 20-nji fewralda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurduň zenanlaryna pul sowgatlaryny bermek hakyndaky Buýruga gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Wise-premýer H. Geldimyradow pul sowgatlaryny bermek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Döwlet syýasatyna we degişli karara laýyklykda, döwlet Baştutanynyň adyndan ýurduň enelerine we gyz-gelinlerine gowşuryljak pul serişdeleriniň möçberi kesgitlenildi.
Mejlisiň dowamynda Prezident Türkmenistanda enelerimize we zenanlarymyza uly hormat goýulýandygyny, olar üçin ähli döwrebap şertleriň döredilýändigini belledi hem-de wise-premýere pul sowgatlarynyň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.


03.06.2026 18:04
2.1k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
5.5k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
7.5k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
3.8k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......