Döwlet Baştutany Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek baradaky teklibi makullady

  • 21.02.2026 01:58
  • 25k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek baradaky teklibi makullady. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümetiň nobatdaky mejlisiniň dowamynda hasabat bilen çykyş eden wise-premýer B. Annamämmedow bellenilen ýoly we onuň ugrundaky täze köprini gurmak boýunça halkara bäsleşigini geçirmek meýilnamalary barada habar berdi.

Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrliginiň alyp barýan işleri baradaky hasabatynda wise-premýer ýol-ulag infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, üstaşyr geçelgeleri döretmek we dünýä ülňülerine laýyk gelýän desgalary gurmak barada aýtdy. Şunda ýurduň ulag mümkinçiliklerini giňeltmäge hem-de ýük we ýolagçy gatnawynda halkara hyzmatdaşlygyň täze derejesine çykmaga aýratyn üns berilýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýoluny ýurduň esasy ýollarynyň biri hökmünde häsiýetlendirdi. Döwlet Baştutany hödürlenen teklibi makullap, wise-premýere ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......