Arkadag şäherinde we Awazada guruljak golf meýdançalarynyň taslamalary maslahatlaşyldy

  • 22.02.2026 12:10
  • 6.6k+

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-a saparynyň çäklerinde “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň prezidenti Jon Riz we kompaniýanyň ýolbaşçy düzüminiň wekilleri bilen duşuşdy. Onda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada TDH habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň gatnaşmagynda gurlan golf meýdançalarynyň görnüşleri görkezildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde we “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda döwrebap golf meýdançalarynyň gurulmagynyň meýilleşdirilýändigini aýtdy.
Aşgabat şäherinde gurlan golf meýdançasynyň şäher ilatynyň, aýratyn-da, ýaşlaryň arasynda uly meşhurlyga eýe bolandygyny aýdyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň şunuň ýaly täze merkezleriň gurulmagy bilen baglanyşykly meseleler babatda hyzmatdaş kompaniýanyň teklipleriniň öwrenilmegine taýýardygyna ünsi çekdi.
Jon Riz “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda hem-de Arkadag şäherinde gurulmagy möhüm hasaplanylýan birnäçe taslamalar bilen tanyşmaga çagyrdy.
Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde görkezilýän taslamalar bilen içgin tanşyp, Arkadag şäherinde we “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda golf meýdançalarynyň gurulmagy ýurdumyzyň dürli künjeklerinde köpçülikleýin bina edilýän durmuş maksatly desgalaryň üstüni ýetirer diýip belledi hem-de “Nicklaus Companies” kompaniýasy bilen netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy taslamalar bilen tanyşlykdan soňra, “Türkmenistan – ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasynda maýa goýum gatnaşyklaryny ösdürmegiň halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda kesgitlenendigi bellenildi.
Saparynyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow “Panther” milli golf klubuna, “Sandhill Crane Golf Club” okuw-türgenleşik merkezine baryp, olaryň mümkinçilikleri bilen tanyşdy.
Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri “La Victoria” atçylyk toplumyna baryp, atçylyk toplumynyň bedewleri, olaryň saklanyş we taýýarlanyş ugurlary bilen tanşyp, bu ýerde atlaryň bäsleşiklere taýýarlanmagy üçin niýetlenen mümkinçilikler, seýisleriň iş tertibi bilen gyzyklandy.
Gurbanguly Berdimuhamedow atçylyk toplumynyň wekilleriniň özara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça teklipleriniň öwreniljekdigini aýdyp, bu ugurda ýola goýulýan gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn esasda ösdüriljekdigine ynam bildirdi.


22.06.2026 17:52
5k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

22.06.2026 14:40
4.5k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

18.06.2026 14:40
4.4k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......