Döwletmämmet Azady adyndaky TMDDI-de Halkara ene dili gününe bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi

  • 20.02.2026 16:53
  • 1.7k+

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň hem-de institutyň bilelikde guramagynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen Halkara ene dili güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu barada institutyň resmi saýtynda habar berilýär.
Dünýäde her ýylyň 21-nji fewralynda giňden bellenilýän bu sene öz gözbaşyny 1999-njy ýylyň 17-nji noýabrynda ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynda kabul edilen karardan alyp gaýdýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda hem bu halkara baýram ýokary derejede bellenilip, Oguz handan gaýdýan baý türkmen dilini sarpalamaga we ony geljek nesillere ýetirmäge aýratyn ähmiýet berilýär.
Maslahatyň dowamynda türkmen diliniň ösüşinde akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň bitiren hyzmatlaryna, türkmen halkynyň Milli Lideriniň we Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaplarynda ene diliniň waspyna aýratyn üns çekildi. Çäräniň barşynda institutyň «Altyn miras» medeniýet merkezi tarapyndan «
Ene dili – halkyň ruhy dowamaty» atly edebi sazly kompozisiýa ýerine ýetirildi.
Maslahatda çykyş edenler Halkara ene dili gününiň ähmiýetini, türkmen diliniň häzirki zaman jemgyýetinde eýeleýän ornuny we ene diliniň halkara giňişligine çykmagynda ýurtda alnyp barylýan işleri giňden beýan etdi.


şu gün 18:12
2.6k+

Türkmenistanda 31 alyma ylymlaryň doktory we kandidaty derejeleri berildi

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda ylymlaryň doktory we ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesini alan alymlara diplomlary gowşurmak dabarasy boldy. Bu barada TDH habar berýär....

şu gün 16:37
3k+

Döwlet Baştutany TYA-nyň ykdysady we syýasy ylymlary boýunça akademikligine saýlanyldy

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Umumy ýygnagynyň çözgüdine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ykdysady we syýasy ylymlar boýunça......

şu gün 16:35
3.8k+

Türkmenistanyň Prezidentine ykdysady we syýasy hünärler boýunça professor alymlyk ady dakyldy

Türkmenistanyň Ýokary attestasiýa komitetiniň prezidiumynyň çözgüdine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, syýasy ylymlaryň doktory Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowa ykdysady we syýasy hünärler boýunça......

şu gün 07:55
2.1k+

Oguz han adyndaky ITU daşary ýurt uniwersitetleri we kompaniýalary bilen 5 şertnama baglaşdy

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde 10-11-nji iýun aralygynda Ylymlar güni mynasybetli «Oguz han uniwersiteti: zehin, innowasiýa, ösüş» atly halkara ylmy-amaly maslahat......