Türkmenistanyň Prezidenti ýaşlary Rumyniýa okuwa ibermek baradaky teklibi makullady

  • 21.02.2026 01:43
  • 10k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow 2026–2027-nji okuw ýylynda türkmen ýaşlaryny Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine okuwa ibermek baradaky teklibi makullady diýip, «Watan» habarlar gepleşigi habar berýär. Bu baradaky maglumat sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde mälim edildi.

Bu mesele boýunça wise-premýer B. Mämmedow hasabat berdi. Ol dostlukly ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde aşakdaky ugurlar boýunça hünärmenleri taýýarlamagyň maksadalaýykdygyny belledi:

  • maglumat tehnologiýalary;
  • saglygy goraýyş we lukmançylyk ylymlary;
  • bilim we pedagogika ylymlary;
  • oba hojalygy we oba hojalyk ylymlary;
  • inženerçilik işi;
  • tehnologiýalar we tehniki ylymlar;
  • matematika we tebigy ylymlar.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, ýurtda ýaşlaryň daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim almagy üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigini we munuň milli ykdysadyýetiň pudaklaryny ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün etmäge ýardam etjekdigini nygtady. Serdar Berdimuhamedow wise-premýere bu teklibi durmuşa geçirmek boýunça degişli işleri amala aşyrmagy tabşyrdy.


düýn 23:39
947

Aşgabatda on sany talyp we mekdep okuwçysy «Hytaýyň ilçisiniň talyp hakyny» aldy

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynda «Hytaýyň ilçisiniň talyp haky» baýragyny gowşurmak dabarasy geçirildi. Hytaý dilini, medeniýetini we däp-dessurlaryny öwrenmekde ýokary netijeleri......

düýn 10:02
1.7k+

TOHU halkara ylmy-amaly elektron žurnaly neşir eder

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti «Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly ylmy-amaly elektron žurnalyny neşir edip başlar. Degişli teklibi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow......

26.06.2026 20:41
2k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
4.1k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......