Daşoguzda «Galkynyş» toparynyň we Döwlet sirkleriniň dabaraly çykyşlary geçirildi

  • 20.02.2026 15:26
  • 3.9k+

Daşoguzda şäheriň merkezi şaýoly boýunça «Galkynyş» toparynyň atly ýörişi geçdi. Çäräniň çäklerinde milli at üstündäki oýunlar topary Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň we Görogly adyndaky Döwlet atçylyk sirkiniň artistleri bilen bilelikde «Türkmeniň ak öýi» medeniýet merkeziniň meýdançasynda görkezme çykyşlaryny gurnady.
Dabaraly çäre «Galkynyş» toparynyň Monakoda geçirilen Halkara sirk sungaty festiwalyndaky üstünliklerine bagyşlandy we akrobatik oýunlary, žonglýorlaryň we haýwanlaryň çykyşlaryny, şeýle hem hünärmen çapyksuwarlar tarapyndan ýerine ýetirilen jigitlik sungatynyň çylşyrymly tilsimlerini öz içine aldy.
Türkmenistanyň milli gymmatlygy hasaplanýan we durnuklylygy, ýyndamlygy hem-de owadanlygy bilen tanalýan ahalteke bedewleri tomaşaçylaryň aýratyn ünsüni çekdi. Ýurtda atçylygy ösdürmek, tohumçylyk işlerini gowulandyrmak we sport atlaryny halkara ýaryşlara taýýarlamak boýunça işler dowam edýär.
«Galkynyş» toparynyň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Serdar Pygyýew toparyň milli atçylyk sungatyny mundan beýläk-de wagyz etmegi we ýurduň dürli sebitlerinde çykyş etmegi meýilleşdirýändigini belledi.


düýn 00:03
2.9k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

27.06.2026 19:31
1.8k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......