Türkmenistanyň aýal-gyzlaryna 60 manat möçberinde pul sowgatlary 2-6-njy mart aralygynda gowşurylar

  • 21.02.2026 12:02
  • 8.9k+

Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň aýal-gyzlaryna döwlet Baştutanynyň adyndan 60 manat möçberinde pul sowgatlary gowşurylar. Degişli Buýruga Türkmenistanyň Prezidenti anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde gol çekdi diýip, TDH habar berýär.

Resminama laýyklykda, sowgatlar 2026-njy ýylyň 2 — 6-njy marty aralygynda dabaraly ýagdaýda gowşurylmaly.

Prezidentiň sowgatlary kimlere gowşurylar:

  • Eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli kärhanalarda, edaralarda we guramalarda işleýän aýal-gyzlara;
  • Pensiýa we döwlet kömek puluny alýan aýal-gyzlara;
  • Önümçilikden aýrylmak şerti bilen aspiranturada, doktoranturada we kliniki ordinaturada okaýan aýal-gyzlara;
  • Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň iki okuw ýylyndan az bolmadyk möhletli okuwlarynyň diňleýji zenan-gyzlaryna;
  • Talyp gelin-gyzlara, mekdep okuwçylaryna we mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän gyzlara.

Bu karar «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň gülläp ösmeginde we özgertmeleri amala aşyrmakda zenanlarymyzyň bitirýän uly hyzmatlaryny, olaryň Watanymyza wepaly, sagdyn, ruhubelent nesilleri terbiýeläp ýetişdirýändiklerini nazara alyp, şeýle hem ata-babalarymyzyň mähriban enelerimize, eziz uýalarymyza hormat goýmak baradaky asylly däplerini dowam etdirmek» maksady bilen kabul edildi.


düýn 00:03
3k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

27.06.2026 19:31
1.8k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......