Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň gaz eksporty, Transhazar gaz geçirijisiniň geljegi barada garaýyşlaryny beýan etdi

  • 22.02.2026 11:20
  • 9.6k+

Türkmenistan häzirki zaman geoykdysady şertlerde energetika strategiýasyny, şol sanda halkara bazarynda örän jogapkärçilikli, oýlanyşykly esasda şekillendirýär. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Al-Arabiýa” teleýaýlymynyň esasy alyp baryjysy Rizwan Han bilen intwerýusynda aýtdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň tebigy gazyň barlanan we tassyklanan möçberi boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýändigini aýdyp, baş maksadyň energetika akymlarynyň akyl-paýhas bilen diwersifikasiýa etmekden we olaryň deňagramly esasda sazlaşygyny, howpsuz we ygtybarly görnüşde iberilmegini üpjün etmekden ybaratdygyny belledi.

Biz syýasy taýdan energetika akymlarynyň diwersifikasiýasyny we howpsuzlyk kadalaryny amaly işlerde hem durmuşa geçirýäris. Elbetde, munda geoykdysady ýagdaýlary we ösüş meýillerini nazara alýarys.

Mysal üçin, bir döwürde tebigy gaz eksportynyň esasy bölegi Russiýa gönükdirilipdi, ýagny ýylda 40 milliard kub metre çenli gaz iberilýärdi. Häzirki wagtda biziň gazymyzy esasy sarp ediji Hytaý bolup, onuň möçberleri takmynan şol derejededir. Şeýle hem ýurdumyz diwersifikasiýa syýasatyndan ugur alyp, sebitde “swap” arkaly Eýrana-da, Azerbaýjana-da, Gazagystana-da, Özbesgistana-da we beýleki gerek bolan ýurtlara iberip biler” diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisini (TOPH) halkara taslamasy barada hem durup geçip, bu taslamanyň gyzyklanma bildirýän kompaniýalar üçin açykdygyny aýratyn belledi.

Amerikan hyzmatdaşlarymyzyň hem oňa gatnaşmagyň mümkinçiliklerine hakyky baha berjekdigine umyt edýäris” diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Transhazar gaz geçirijisiniň taslamasyny energetika akymyny diwersifikasiýa etmegiň hem-de yklymda energetika howpsuzlygyny gazanmagyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde görýändigini aýtdy.

Türkmenistan oňa çynlakaý, ünsli we oňyn garaýar. Şol bir wagtda halkara-hukuk häsiýetli, ylaýta-da Hazar deňziniň düýbüni delimitasiýa etmek meselesini çözmek zerurdyr. Birnäçe wagt mundan ozal bu mesele bilen meşgullanmak üçin türkmen-azerbaýjan Iş topary döredildi. Bu toparyň işiniň amaly taýdan gowy netijeleri berjekdigine umyt edýäris” diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.


düýn 19:38
4.4k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.6k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......