Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň gyşky mejlisine gatnaşdy

  • 20.02.2026 15:30
  • 1.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň 19-njy fewralda Wena şäherinde geçirilen 25-nji gyşky mejlisine gatnaşdy.
Türkmenistanyň Mejlisiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, mejlisiň dowamynda esasy üns howpsuzlyk, demokratiýa, adam hukuklary we ynsanperwer meselelerine gönükdirildi. Parlamentara hyzmatdaşlygy berkitmäge, şeýle hem şu ýylyň iýul aýyna meýilleşdirilen ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň 33-nji ýyllyk mejlisine taýýarlyk görmäge aýratyn üns berildi.
Şeýle-de, duşuşyga gatnaşyjylar häzirki zaman dünýäsinde ÝHHG-niň tutýan orny barada pikir alyşdy. Çeşmäniň bellemegine görä, mejlisde döwletleriň arasyndaky ynamy we hyzmatdaşlygy berkitmek, ykdysady durnuklylygy hem-de deňhukuklylygy saklamak, adam mertebesini, hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek hem-de dialog arkaly parahatçylygy berkitmek meselelerine hem deglip geçildi.


düýn 20:55
1.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......