Türkmen halkynyň Milli Lideri Germaniýada iş maslahatyny geçirdi

  • 22.02.2026 12:31
  • 7.3k+

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-a saparyny tamamlap, Germaniýa Respublikasyna bardy we bu ýerde degişli ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Bu barada TDH habar berýär.

Iş maslahatynda 2026-njy ýylda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçiriljek çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Iş maslahatynda Türkmenistanyň Germaniýadaky ilçisi B.Rejepow türkmen-german gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy barada hasabat berdi.
Şeýle hem ilçi behişdi bedewlerimizi wagyz etmek hem-de ahalteke atlarymyzyň geçiriljek halkara ýaryşarlaryna gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.
Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow 2026-njy ýylyň 11-23-nji awgustynda Germaniýanyň Aahen şäherinde geçiriljek «FEI World Championship 2026» çempionatyna, Niderlandlar Patyşalygynda sentýabr aýynda geçiriljek Ahalteke atlarynyň arasynda gözellik bäsleşigine   Fransiýada, Beýk Britaniýada geçiriljek at bilen baglanyşykly çäreleri gatnaşmagy gazanmagyň hem-de olara ýokary derejede taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi hem-de degişli ýolbaşçylara maslahatlaryny berdi.
Iş maslahatynyň barşynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ähli meýilleşdirilen çäreleriň anyk maksatnamalarynyň taýýarlanylmalydygyny, her bir çäräniň döwrebap derejede geçirilmelidigini aýdyp, bu babatda degişli düzümleriň bilelikdäki tagallalarynyň ýola goýulmalydygyna ünsi çekdi we bu ugurda özüniň birnäçe öwüt-nesihatlaryny berdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden Türkmenistana ugrady.
Birnäçe sagatdan soňra, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Aşgabadyň Halkara howa menziline geldi.


düýn 19:38
2.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......