9.5k+

Ýerden Günüň ozal görlüp-eşidilmedik takyklykdaky wideosy alyndy

Astronomlar Ýerden Günüň iň jikme-jik şekillerini almagy başardy. Munuň üçin olar ABŞ-da ýerleşýän «Uly Aýy» obserwatoriýasyndaky (Big Bear Solar Observatory) «Goode Solar» teleskobynyň kämilleşdirilen adaptasiýaly optika ulgamyndan peýdalandy, diýip «EurekAlert» ýazýar...

1.3k+

SpaceX kompaniýasy 2025-nji ýylda öz uçuş rekordyny täzelär

ABŞ-nyň SpaceX kosmos kompaniýasy 2025-nji ýylda rekord mukdarda orbital uçuş ýerine ýetirmegi meýilleşdirýär. Bu barada ABŞ-nyň Kosmos güýçleriniň milli howpsuzlyk maksatlary («NSSL») üçin uçuşlar maksatnamasynda kompaniýanyň gatnaşygyny utgaşdyrýan SpaceX bölüminiň ýolbaşçysy Enn Meýson habar berdi...

3.3k+

Blue Origin alty syýahatçyny suborbital uçuşa iberdi

31-nji maýda alty sany raýat astronawty Blue Origin kompaniýasynyň New Shepard gämisinde suborbital uçuşy amala aşyrdy. NS-32 missiýasy ýerli wagt bilen 8:39-da Tehasdaky Launch Site One kosmodromyndan uçdy. Ekipaž 104 km belentlige ýetip, agramsyzlyk ýagdaýynda 3 minut töweregi boldy – bu Karman çyzygy diýlip atlandyrylýan halkara kosmos serhetidir...

1.4k+

Ştrausyň «Mawy Dunaý» walsy kosmosa iberiler

Ýewropa kosmos agentligi (ESA) esaslandyrylmagynyň 50 ýyllygyny kompozitor Iogann Ştrausyň doglan gününiň 200 ýyllygy bilen bilelikde bellemäge karar berdi. Bu iki möhüm senäniň hormatyna, meşhur kompozitoryň «Ajaýyp mawy Dunaýda» atly walsy radiosignal görnüşinde kosmosa iberiler diýip, «Phys...

5.2k+

«Resilience» ýapon moduly Aýa gonmazdan öň surat iberdi

«ispace» ýapon kompaniýasy «X» sosial torunda «Resilience» gonuş modulynyň täze düşüren suratyny paýlaşdy. Suratda Aýyň Günorta polýusy we onuň töweregi görünýär. Modul şu ýylyň ýanwarynda «Falcon 9» raketa göterijisi arkaly Ýeriň hemrasyna ugradyldy...

5.7k+

«Perseverance» mars roweri «tozan arwahy» bilen selfi düşdi

«Perseverance» mars roweri Marsda peýda bolan «tozan arwahyny» tötänleýin görkezýän selfi düşürdi. Ak reňkli, solak, buluda meňzeş girdap enjamdan, takmynan, bäş kilometr uzaklykda peýda boldy diýip, NASA habar berýär...

2.7k+

ESA Aý üçin GPS ýaly nawigasiýa ulgamyny döredýär

Häzirki Aý missiýalary Ýerdäki GPS ýaly ýokary derejede takyk nawigasiýa ulgamynyň ýokdugy sebäpli düýpli çäklendirmeler bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Aýda hereket edýän enjamlar we astronawtlar Ýerden gelýän maglumatlara we öz hasaplaýyş modullaryna daýanýar...

4.4k+

Kosmosda syrly, şar şekilli gurluş ýüze çykaryldy

Astronomlar ASKAP radio teleskopynyň kömegi bilen Akmaýanyň ýolunda ideal diýen ýaly şar şekilli gurluşy tapdylar. Obýekt Teleos adyny aldy. Barlag Günbatar Sidneý uniwersitetinden Miroslaw Filipowiçiň ýolbaşçylygyndaky halkara topar tarapyndan geçirildi diýip, ScienceAlert habar berýär...

4.9k+

Marsda ilkinji gezek polýar şöhleleri surata düşürildi

NASA-nyň Perseverance mars roweri ilkinji gezek Marsda polýar şöhleleriniň emele gelýän pursadyny surata almagy başardy. Bu hadysa Günden gelýän koronal massa zyňyndylarynyň netijesinde ýüze çykdy. MAVEN we Mars Express atly missiýalaryň maglumatlary bu açyşy tassyklady...

5.7k+

Toyota «Land Cruiser-iň» binýadynda döredilen wodorodly roweri Aýa iberer

Toyota kompaniýasy «Lunar Cruiser» atly Aý roweriniň ilkinji açyk synaglaryny geçirdi. Rower Ýaponiýanyň JAXA we ABŞ-nyň NASA agentlikleri bilen hyzmatdaşlykda işlenip düzülýär. Taslama «Land Cruiser» modeline esaslanýar we geljekki «Artemis» missiýalary üçin ulanyljak ulag hökmünde 2019-njy ýyldan bäri kämilleşdirilýär diýip, «autoevolution» habar berýär...