Boeing-iň kosmos gämisi ýene HKS-e iberiler, ýöne bu gezek ekipažsyz: uçuş senesi yglan edildi

  • 26.11.2025 17:50
  • 2.2k+

NASA Boeing kompaniýasynyň Starliner kosmos gämisiniň ýene Halkara kosmos stansiýasyna iberiljekdigini habar berdi. Ýöne bu gezek ol ekipažly däl-de, diňe ýük bilen uçar.

Maglumatlara görä, kompaniýa bilen 2024-nji ýylda baglaşylan ekipažly gämi barada şertnama üýtgediler. Indiki uçarmansyz ýük missiýasy Starliner-1 adyny aldy we ol 2026-njy ýylyň aprelinden ir bolmaz. Uçuş üstünlikli bolan ýagdaýynda, gäminiň stansiýa we yzyna indiki uçuşlary ekipažly amala aşyrylar. Starliner-iň HKS-e soňky iki missiýasy hökmany däl bolup galýar.
Ilkibaşda NASA bilen Boeing-iň arasyndaky şertnama Halkara kosmos stansiýasyndaky ekipažy çalyşmak üçin Starliner-iň alty ekipažly missiýasyny göz öňünde tutupdy.
Belläp geçsek, öňki synanyşyklaryň ählisi şowsuz tamamlandy. Starliner-iň 2019-njy ýylyň dekabrynda bolan ilkinji uçuşy ekipažsyz geçdi we ony programma üpjünçiligi bilen bagly näsazlyk sebäpli bes etmeli boldy. Şol sebäpli ol HKS bilen birleşip bilmedi. Ikinji uçuş – Orbital Flight Test 2 2022-nji ýylyň maýynda boldy. Bu gämi hem ekipažsyz uçdy, stansiýa ýetdi, ýöne hereketlendiriji näsazlygy bilen ýüzbe-ýüz boldy.
Soňra NASA 2024-nji ýylda astronawtlar Butç Uilmor we Sunita Uilýams bilen ilkinji ekipažly uçuşdan öň iki ýyldan gowrak wagtlap Starliner-iň ýerüsti synaglaryny geçirdi. HKS-e ýakynlaşan wagty gämide ýene hereketlendiriji bilen bagly näsazlyk ýüze çykdy. Ahyrynda Starliner stansiýa bilen birleşdi, ýöne maslahatlaşmalardan soň, NASA Boeing-e enjamyň Ýere ekipažsyz dolanjakdygyny aýtdy. Bir ýyldan soň diýen ýaly bu näsazlyklaryň ölüm howply bolandygy anyklandy.
Netijede, 2024-nji ýylda Dragon missiýasy uçuryldy, onuň bortunda dört däl-de iki astronawt bardy – bu hem 2025-nji ýylyň martynda Uilmor bilen Uilýamsyň Ýere howpsuz gaýdyp gelmegine mümkinçilik berdi. 


17.06.2026 11:18
1.1k+

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....

14.06.2026 16:13
6k+

NASA-nyň zondy Günüň golaýyndaky 1300 °C gyzgynlyga döz gelip, gaýtadan aragatnaşyga çykdy

«Parker Solar Probe» kosmos enjamy Günüň golaýyna tarap ýene bir gezek taryhy rekord derejede golaýlaşmadan we Ýer bilen aragatnaşyksyz geçen dokuz günlük özbaşdak uçuşyndan soň, şowly ýagdaýda ýene......

11.06.2026 10:55
1.8k+

NASA «Artemis III» missiýasynyň ekipaž düzümini yglan etdi

NASA agentligi 2027-nji ýylda amala aşyryljak Artemis III missiýasynyň düzüminde uçmaly dört astronawtyň atlaryny mälim etdi. Missiýa 2028-nji ýylda Aýyň günorta polýusyna ilkinji gezek adamyň aýak basmagyny......

11.06.2026 08:39
1.1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....