NASA-nyň ESCAPADE Mars zondundan düşürilen ilkinji suratlary çap edildi

  • 27.11.2025 13:17
  • 4.6k+

NASA Marsa tarap barýan ESCAPADE zondundan alnan ilkinji suratlary hödürledi. Suratlar apparatyň kadaly işleýändigini we öz işlerini ýerine ýetirmäge taýýardygyny tassyklaýar.

ESCAPADE missiýasy 14-nji noýabrda Blue Origin kompaniýasynyň New Glenn super agyr raketasynyň kömegi bilen badalga aldy. Eýýäm 21-nji noýabrda zondlaryň biri VISIONS (görünýän we infragyzyl kamera ulgamy) ulanyp surata düşürdi. Suratda Gün paneliniň diňe bir bölegi, aňyrsynda bolsa garaňky kosmos giňişligi görünýär.
Bu suratlar enjamyň kadaly işleýändigini tassyklasa-da, ylmy maglumatlar dessine peýda bolmaz. 2026-njy ýylyň noýabrynda zondlar Marsa tarap traýektoriýa girmek üçin Ýeriň dartyş güýjüni ulanar. Orbitany düzediş we missiýanyň işjeň tapgyrynyň başlanmagy bolsa 2028-nji ýylyň ortalaryna meýilleşdirilýär.
ESCAPADE Gün ýeliniň Marsyň atmosferasy bilen nähili özara täsirleşýändigini öwrener.


düýn 23:32
511

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

08.06.2026 16:17
2.5k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....

07.06.2026 19:54
2k+

NASA geljekki bazany taýýarlamak üçin Aýa her aýda robotlary iberer

NASA 2027-nji ýyldan başlap, Ýeriň tebigy hemrasynyň günorta polýusynyň töwereginde geljekki bazanyň infrastrukturasyny taýýarlamak üçin Aýa takmynan her aýda uçarmansyz missiýalary geçirmegi meýilleşdirýär....

02.06.2026 12:47
6.1k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......