NASA Marsdaky MAVEN enjamy bilen aragatnaşygy ýitirdi

  • 11.12.2025 09:32
  • 2k+

ABŞ-nyň Milli aeronawtika we kosmos giňişligini öwrenmek edarasy (NASA) MAVEN (Mars Atmosphere and Volatile EvolutioN) Mars zondy bilen aragatnaşygyň ýitendigini habar berdi. Bu enjam Gyzyl planetanyň atmosferasyny öwrenmek bilen meşgullanýar.

Zond 6-njy dekabrda aragatnaşyga çykmagyny bes etdi. Onuň telemetriýasynyň aragatnaşyk kesilmezden ozal ähli ulgamlaryň kadaly işleýändigini görkezendigine garamazdan, enjam Marsdan çykandan soň NASA-nyň uzakdaky kosmos aragatnaşyk ulgamy onuň signalyny hasaba almady.
Häzirki wagtda kosmos enjamy we hünärmenler topary hadysanyň sebäbini bilmek üçin derňew geçirýär. NASA täze maglumatlar bolan ýagdaýynda işiň gidişi barada habar berjekdigini aýtdy.
MAVEN enjamy 2013-nji ýylyň noýabrynda işe girizildi we 2014-nji ýylyň sentýabrynda Gyzyl planeta ýetdi. Onuň esasy wezipesi atmosferanyň ýokarky gatlaklaryny, ionosferany, şeýle-de Günüň we Gün ýeliniň täsirini öwrenmekden ybarat. Bu gözlegler Marsyň atmosferasynyň ýitmegine düşünmek üçin örän möhümdir. Alnan maglumatlar alymlara klimatyň taryhyny dikeltmäge, suwuk suwuň bardygyny anyklamaga we geçmişde planetanyň ýaşaýşa ýaramlylygyna baha bermäge kömek eder. Esasy ylmy işden başga-da, MAVEN Marsyň üstünde işleýän enjamlar üçin möhüm retranslýasiýa stansiýasy hökmünde hyzmat edýär.  


düýn 23:32
511

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

08.06.2026 16:17
2.5k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....

07.06.2026 19:54
2k+

NASA geljekki bazany taýýarlamak üçin Aýa her aýda robotlary iberer

NASA 2027-nji ýyldan başlap, Ýeriň tebigy hemrasynyň günorta polýusynyň töwereginde geljekki bazanyň infrastrukturasyny taýýarlamak üçin Aýa takmynan her aýda uçarmansyz missiýalary geçirmegi meýilleşdirýär....

02.06.2026 12:47
6.1k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......