20-nji dekabrda Blue Origin taryhda ilkinji gezek kosmosa maýyp arabaly adamy iberer

  • 19.12.2025 14:52
  • 3.7k+

Blue Origin ilkinji gezek suborbital missiýanyň düzümine maýyp arabaly adamy goşdy. New Shepard raketasynyň uçuşyny 20-nji dekabrda Wan-Horn şäherindäki (Tehas ştaty, ABŞ) kosmodromdan amala aşyrmak meýilleşdirilýär.

Kompaniýanyň habar bermegine görä, NS-37 missiýasynyň ekipažyna alty adam girdi. Olaryň arasynda 2018-nji ýylda oňurga ýiliginiň şikesini alan Ýewropanyň kosmos agentliginiň inženeri Mikaela Benthaus hem bar. Şeýle-de, uçuşa maýadarlar Joui Haýd we Adonis Purulis, aerokosmos inženeri Hans Kenigsmann, telekeçi Nil Milç we kompýuter tehnologiýalary boýunça hünärmen Jeýson Stensell gatnaşar.
Missiýanyň dowamynda kapsula 100 km belentlikde Karman çyzygyny kesip geçer, şondan soň paraşýut ulgamynyň kömegi bilen Ýere gonar.
Ozal uçuş iki gezek togtadyldy: birinji gezek atmosferanyň ýokarky gatlaklarynda güýçli ýel sebäpli, ikinji gezek «uçuşdan öň ýüze çykarylan meseleler» sebäpli uçurmazdan 58 sekunt öň diýip, Blue Origin-iň wekilleri habar berdi.
Jeff Bezos tarapyndan esaslandyrylan Blue Origin kompaniýasy suborbital syýahatçylyk bazarynda Virgin Galactic bilen bäsleşýär. New Shepard maksatnamasynyň durmuşa geçirileni bäri kosmosda 80 töweregi adam bolup gördi. Bu gämi üçin petegiň takyk bahasy aýan edilmeýär. 


düýn 22:53
3.5k+

DÇ-2026-nyň topy kosmosa-da baryp ýetdi

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi topy bolan Adidas Trionda Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) iberildi....

21.06.2026 23:59
1.8k+

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......

19.05.2026 16:54
9.6k+

Suratçy Günüň öňünden geçip barýan uçaryň iň gowy suratyny almak üçin 1,7 million kadr düşürdi

Älem giňişligini surata düşürmekde meşhur suratçy Endrýu MakKarti Günüň edil öňünden geçip barýan uçary we şol pursat Günüň ýüzünde dörän iki sany uly otly tütüni bir kadra sygdyrmak üçin 6 günüň dowamynda 1,7......

15.05.2026 10:31
2.4k+

Özbegistan 2028-nji ýyla çenli älem giňişligine ilkinji kosmonawtyny ibermegi meýilleşdirýär

Özbegistan 2028-nji ýylyň oktýabr aýyna çenli ilkinji özbek kosmonawtyny älem giňişligine ibermegi maksat edinýär. Bu barada Özbekkosmos agentliginiň direktorynyň orunbasary Muhiddin Ibragimow habar berdi.......