1972-nji ýyldan bäri ilkinji gezek: NASA fewralda Aýa ilkinji ekipažly uçuşy meýilleşdirýär

  • 03.01.2026 23:21
  • 4.4k+

NASA şu ýylyň fewralynda Artemis II missiýasyny uçurmagy meýilleşdirýär. Bu 1972-nji ýyldan bäri Ýere golaý orbitadan daşary ilkinji ekipažly uçuş bolar. Dört astronawt Aýyň daşyndan aýlanyp, gonmazdan Ýere gaýdyp geler.

Geljekki missiýanyň ekipažyna NASA-nyň astronawtlary Rid Waýzman, Wiktor Glower we Kristina Koh, şeýle-de Kanadanyň kosmos agentliginiň wekili Jeremi Hansen girer.
Uçuş uzakdaky kosmosda Orion gämisini we onuň ulgamlaryny barlamagy maksat edinýär. Missiýanyň ýoly hatda hereketlendiriji işlemegini bes eden halatynda-da ekipaž Ýere dolanyp biler ýaly ýagdaýda kesgitlendi.
Aýa iň ýakyn aralyga ýetilenden soň, Ýer bilen aragatnaşyk, takmynan, 45 minutlap kesiler.

«Tutuş dünýä – 8 milliard adam… bilelikde ýygnanyp, biziň signaly dikeltmegimize umyt edip, dileg etse, men örän begenerdim» - diýip, Glower aýdýar.

Missiýa ylmy gözlegleri geçirmegi-de göz öňünde tutýar: astronawtlar öz kognitiw başarnyklaryna, ukusyna, stress derejesine, immun jogabyna we ýürek-damar saglygyna baha berer. Şeýle-de, adam organlarynyň dokumalary bilen bagly tejribeler, foto-düşüriş we Aýyň üstüniň geologik aýratynlyklaryny seljermek meýilleşdirilýär. Aýyň geologiýasynyň öwrenilmegi geljekki gonuşlara has gowy taýýarlanmaga kömek eder.
Uçuş Orion gämisi bilen Space Launch System (SLS) raketasynda amala aşyrylar. Kosmos gämisi, takmynan, 385 400 km geçip, HKS-den has ýokary radiasiýa derejesi bilen ýüzbe-ýüz bolar.
Aýratyn üns Orion-yň ýylylykdan goraýan ekranyna gönükdirilýär. 2022-nji ýylda Artemis I-iň synag uçuşy wagtynda ekrana zeper ýetipdi. Şondan soň NASA meseläni aradan aýyrmak boýunça iş alyp bardy.


17.06.2026 11:18
1k+

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....

14.06.2026 16:13
6k+

NASA-nyň zondy Günüň golaýyndaky 1300 °C gyzgynlyga döz gelip, gaýtadan aragatnaşyga çykdy

«Parker Solar Probe» kosmos enjamy Günüň golaýyna tarap ýene bir gezek taryhy rekord derejede golaýlaşmadan we Ýer bilen aragatnaşyksyz geçen dokuz günlük özbaşdak uçuşyndan soň, şowly ýagdaýda ýene......

11.06.2026 10:55
1.8k+

NASA «Artemis III» missiýasynyň ekipaž düzümini yglan etdi

NASA agentligi 2027-nji ýylda amala aşyryljak Artemis III missiýasynyň düzüminde uçmaly dört astronawtyň atlaryny mälim etdi. Missiýa 2028-nji ýylda Aýyň günorta polýusyna ilkinji gezek adamyň aýak basmagyny......

11.06.2026 08:39
1.1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....