Hytaý taryhynda ilkinji halas ediş kosmos missiýasyny uçurdy

  • 25.11.2025 17:22
  • 4k+

2025-nji ýylyň 25-nji noýabrynda ýerli wagt boýunça 12:11-de (Aşgabat wagty bilen 09:11) Hytaý gyssagly ýagdaýda “Şençžou-22” kosmos gämisiniň “Týangun” orbital stansiýasyna uçuşyny amala aşyrdy. Gämi “Çançžen-2F” raketasynda Szýusýuan kosmodromyndan ekipažsyz uçup, orbita üstünlikli çykdy.

Uçuş Hytaýyň taryhynda ilkinji halas ediş kosmos missiýasy boldy diýip, South China Morning Post ýazýar.
Gäminiň maksady kosmos zibiliniň ýa-da mikrometeoritiň urgusyndan soň zeper ýeten we ekipažyň yzyna gelmegi üçin howpsuz däl hasaplanýan “Şençžou-20” enjamyny çalyşmakdyr. “Çançžen-2F” raketasy şeýle ýagdaý üçin kosmodromda ýokary taýýarlyk derejesinde durdy, bu hem uçuşy gysga möhletde amala aşyrmaga mümkinçilik berdi.
Öňki ekspedisiýanyň ekipažy “Şençžou-20” gämisiniň illýuminatorynda jaýryklaryň peýda bolandygy üçin bu gämide Ýere dolanyp bilmedi. 14-nji noýabrda aşak düşmek üçin kosmonawtlar täze ekipažyň gämisini – “Şençžou-21-i” ulanyp, nobatçy ekipažy gämisiz goýdy. “Şençžou-22” gämisiniň uçurylmagy bu ýagdaýy düzeder.
“Şençžou-22-niň” bortunda stansiýa 600 kg töweregi ýük, şol sanda azyk we enjam iberildi. Zeper ýeten “Şençžou-20” gämisi tejribeler üçin ulanylar, şondan soň uçarmansyz režimde Ýere gaýtarylar. Ätiýaçlyk gämisini göterýän raketanyň bortunda gorag nyşany hökmünde Beýik Hytaý diwarynyň simwolik şekili, şeýle-de gyssagly herekete taýýarlygy aňladýan ýaý we oklar bardy.


23.05.2026 15:57
7.6k+

Hytaýdaky kömür şahtasynda heläkçilik boldy

Hytaýyň demirgazygyndaky Şansi welaýatynda ýerleşýän kömür şahtasynda partlama boldy. Gynançly wakanyň netijesinde azyndan 90 adam pida boldy diýip, Hytaýyň döwlet CCTV telekompaniýasy habar berýär....

20.05.2026 15:16
7.9k+

Hytaýyň günorta we merkezi sebitleri güýçli ýagyşlardan we ýer süýşgünlerinden ejir çekdi

Hytaýyň günorta we merkezi sebitlerinde ýagan güýçli ýagyşlar sil suwlaryna we ýer süýşgünlerine getirdi....

18.05.2026 21:05
9.9k+

Hytaýyň günortasynda bolan ýer titremesinden soň 7 müňden gowrak adam başga ýere göçürildi

Hytaýyň günortasyndaky Lýuçžou şäherinde 5,2 bal güýji bolan ýer titremesi boldy. Tebigy betbagtçylyk sebäpli 7 müňden gowrak adam başga ýere göçürildi diýip, Reuters agentligi habar berýär....

18.04.2026 23:36
4.2k+

2026-njy ýylyň maýynda seýrek duş gelýän goşa dolan Aý hadysasy bolar

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýeriň ýaşaýjylary seýrek duş gelýän hadysany — bir aýyň dowamynda iki gezek dolan Aýyň emele gelmegini synlap biler. Bu barada K.E.Siolkowskiý adyndaky Döwlet kosmonawtika taryhy......