Honda Aýa uçýar: kompaniýa raketalary we Aý bazalary üçin ulgamlary taýýarlaýar

  • 04.12.2025 13:40
  • 3.5k+

Honda kosmosy özleşdirmek boýunça meýilnamalary bilen paýlaşdy.

Iýunda kompaniýa Ýaponiýanyň Hokkaýdo prefekturasyndaky poligonda uzynlygy alty metr bolan köp gezeklik raketanyň prototipiniň uçuşyny we gonuşyny üstünlikli amala aşyrdy. Bu waka, adatça, awtomobilleri, motosiklleri we beýleki ýerüsti enjamlary öndürmek bilen tanalýan kompaniýa üçin kosmos maksatnamasyny durmuşa geçirmekde ilkinji ädim boldy.
Honda-nyň kosmos strategiýasynyň ýolbaşçysy we “Formula-1-iň” ýaryş toparynyň öňki müdiri Kazuo Sakurahara bu ädimi logiki ösüş diýip atlandyrýar.

“Honda-nyň önümleri eýýäm ýeri, deňzi we asmany gurşap aldy. Şonuň üçin mümkinçilikleriň kosmosa çenli giňeldilmegi geň däl” – diýip, ol belleýär.

Honda-nyň meýilnamalary diňe bir orbita aragatnaşyk hemralaryny çykarjak raketalar bilen çäklenmeýär. Bu hemralar sürüjä kömek we transporty awtonom dolandyrmak ulgamlaryny ösdürmek üçin gerek.
Strategiýanyň has uly bölegi kosmosda, aýratynam, geljekki Aý koloniýalary üçin durnukly işi üpjün etjek energetika ulgamyny döretmekdir. Ulgam Ýaponiýanyň Astrobotic kompaniýasy bilen bilelikde döredilen dik Gün batareýasyny öz içine alýar. Ol iki hepde dowam edýän Aý gündizinde elektrik energiýasyny öndürer. Alnan energiýa Aýyň Günorta polýusyndaky buz ýataklaryndan almagy meýilleşdirilýän suwuň elektrolizi üçin ulanylar. Kislorod dem alyş, wodorod bolsa iki hepde dowam edýän Aý gijesinde ýangyç elementlerini energiýa bilen üpjün etmek üçin ulanylar.
Mundan başga-da, Honda adam tarapyndan dolandyrylýan “awatarlary” döretmek üçin Asimo robotyny işläp taýýarlamak boýunça tejribeleri ulanmagy meýilleşdirýär. Bu robotlar modullary gurmak, ýangyç guýmak we enjamlary abatlamak işlerini ýerine ýetirip biler. Dolandyryş hem Aýyň üstünden, hem Honda hemralary arkaly Ýerden amala aşyrylar.


04.06.2026 17:27
3.1k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

29.05.2026 23:38
3.5k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

01.04.2026 16:47
3.6k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......

28.03.2026 13:56
2.3k+

Sony we Honda «Afeela» elektrokaryndan ýüz öwürdiler: onuň üçin eýýäm deslapky töleglerem alnyp başlanypdy

Sony Honda Mobility bilelikdäki kärhanasy «Afeela» elektromobil taslamasynyň ýapylýandygyny yglan etdi. Bu karar Honda-nyň elektrokar ösdürmek baradaky meýilnamalaryna täzeden seretmegi bilen baglanyşyklydyr....