Kosmonawt Kononenko Ýere dolanmazdan öň hemişe şol bir kitaby gaýtadan okaýar

  • 04.12.2025 06:52
  • 11k+

Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany,  Kosmonawtlary taýýarlamak merkeziniň başlygy Oleg Kononenko RBK neşirine beren interwýusynda Ýere dolanmazdan öň öz edýän aýratyn işleriniň we şahsy däbiniň jikme-jiklikleri barada gürrüň berdi.

Ýeriň daşynda (1111 gün) geçiren günleriniň sany boýunça dünýä rekordyny goýan kosmonawt orbitada uzak wagt bolanyndan soň, öýüne gaýdyp gelmäge uýgunlaşmagy ýeňilleşdirmek üçin her gezek şol bir kitaby okaýandygyny aýtdy.
Ol Ýerden uzakda durmuşda ileri tutulýan zatlaryň üýtgeýändigini belledi. Onuň sözlerine görä, bilelikde işleýän ekipažynyň agzalary üçin awtoulagyň markasy ýa-da kwartira ýaly, ýerdäki zatlar düýbünden möhüm däl.

"Ol ýerde jemgyýetde özüňi nähili alyp barşyň, şahsyýetiň gyzyklanmasy, aňyň, bilimiň we elleriňi işledip bilmek ukybyň esasy orunda durýar. Bular Ýerdäki durmuşda esasy häsiýetler hem däl" - diýip, Kononenko aýtdy.
"Men hemişe Ýere dolanmazdan öň Bulgakowyň "It ýüregi" eserini gaýtadan okaýaryn. Bu meniň hakyky durmuşa dolanmak üçin däbim" diýip, ol sözüniň üstüne goşdy.

Mundan başga-da, kosmonawt Ýere gaýdyp gelýärkä maşgalasy we çagalary bilen duşuşmaga hemişe sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny, olaryň özüne buýsanjakdygyna umyt baglaýandygyny aýtdy.


düýn 15:15
977

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

12.06.2026 01:36
5k+

Lebap welaýatynda migrasiýa gullugynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýy gurlar

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň etrap bölüminiň işgärleri üçin gulluk ýaşaýyş jaýynyň taslamasyny düzmek, ony gurmak, ýanaşyk......

11.06.2026 14:06
7.3k+

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy DÇ-2026-nyň 104 oýnunyň ählisini görkezer

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň ähli oýunlaryny görkezer. Dünýä çempionaty eýýäm şu gije, Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da başlar....

11.06.2026 14:01
7.8k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....