NASA-nyň orbitadaky enjamy Marsyň üstüniň 100 000-nji suratyny aldy

  • 19.12.2025 17:16
  • 3.7k+

NASA-nyň Mars Reconnaissance Orbiter orbital enjamynyň bortuna gurnalan HiRISE (High Resolution Imaging Experiment) kamerasy Marsyň üstüniň 100 000-nji suratyny aldy.

Ýubileý surat missiýa başlanandan tas 20 ýyl soň düşürildi. HiRISE Marsyň üstüni jikme-jik öwrenmek üçin esasy gurallaryň biri bolmagynda galýar. Onuň kömegi bilen alymlar kraterleriň, çäge alaňlarynyň, buz çökündileriniň, şeýle-de geljekki kosmos enjamlaryny gondurmak üçin ulanylyp bilinjek ýerleriň ýokary hilli suratlaryny alýar.
Surat 7-nji oktýabrda düşürildi we häzir Perseverance enjamynyň işleýän Ýezero kraterinden, takmynan, 80 kilometr günorta-gündogarda ýerleşýän Uly Sirt sebitindäki tekizligi we alaňlary görkezýär. Alymlar ýel bilen ýokary göterilen çägäniň gelip çykyşyna we bu sebitde alaňlaryň döreýiş prosesine has gowy düşünmek üçin suraty seljerýär.  

«Biz alaňlaryň ýeliň täsiri bilen nähili süýşýändigini, harsaňlaryň bolsa kert gaýalar boýunça nädip aşak düşýändigini gördük» — diýip, NASA-nyň Reaktiw hereket barlaghanasyndan Lesli Tampari aýtdy.

HiRISE diňe bir Gyzyl planetanyň üstüniň Ýerden näderejede tapawutlanýandygyny däl, eýsem onuň wagtyň geçmegi bilen nähili üýtgeýändigini görkezdi diýip, ol sözüniň üstüne goşdy.


düýn 23:32
511

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

08.06.2026 16:17
2.5k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....

07.06.2026 19:54
2k+

NASA geljekki bazany taýýarlamak üçin Aýa her aýda robotlary iberer

NASA 2027-nji ýyldan başlap, Ýeriň tebigy hemrasynyň günorta polýusynyň töwereginde geljekki bazanyň infrastrukturasyny taýýarlamak üçin Aýa takmynan her aýda uçarmansyz missiýalary geçirmegi meýilleşdirýär....

02.06.2026 12:47
6.1k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......