Kosmosda ozal görünmedik täze partlama görnüşi hasaba alyndy

  • 25.12.2025 12:25
  • 4.1k+

LIGO we Virgo kosmos detektorlary taryhda ilkinji gezek AT2025ulz diýlip atlandyrylýan astronomik hadysany hasaba aldylar. Bu hadysa "supernowa" (sper-täze ýyldyz) we "kilonowa" partlamalarynyň aýratynlyklaryny özünde jemleýän düýpgöter täze partlama görnüşiniň — "superkilonowanyň" ilkinji nusgasy bolup biler.

Gözlegleriň netijeleri barada LIGO/Virgo bileleşiginiň wekilleri we Caltech (Kaliforniýa tehnologiýa instituty) alymlary habar berdiler. Bu hadysa 18-nji awgustda hasaba alyndy.
Anyklanan signal, obýektleriň birleşmegini görkezýär, emma olaryň biriniň massasy adatdan daşary derejede pesdir.
Caltech-den Mansi Kasliwal şeýle düşündirýär: "Ilkinji üç günüň dowamynda bu ýalkym 2017-nji ýyldaky kilonowa partlamasyna meňzeýärdi. Emma soňky gözlegler has çylşyrymly ýagdaýy ýüze çykardy: şöhlelenme ilki bilen ugruny ýitirdi we kilonowalarda bolşy ýaly spektriniň gyzyl reňkli bölegine tarap süýşdi, emma soňra bolsa täzeden güýçlendi, 'mawyrak' reňke geçdi we wodorodyň alamatlaryny — ýagny supernowalara mahsus bolan aýratynlyklary görkezdi".
Alymlaryň çaklamasyna görä, ägirt uly massaly ýyldyzyň partlamagy iki sany neýtron ýyldyzynyň emele gelmegine we olaryň örän çaltlyk bilen birleşmegine sebäp bolupdyr. Kilonowanyň şöhlelenmesi bolsa bu ýagdaýda supernowanyň giňeýän gatlaklary tarapyndan bölekleýin gizlenýär.


22.03.2026 16:34
4.2k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...

21.03.2026 11:26
5.5k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...

09.03.2026 14:06
12k+

Germaniýada asmandan inen meteorit ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi

Germaniýanyň günbataryndaky Reýnland-Pfalz federal ýerindäki Koblens şäherinde 8-nji mart güni agşam asmandan düşen meteorit bölegi ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi. Koblens polisiýasynyň berýän maglumatyna görä, Gýuls raýonynda sagat 19:00 töweregi kömürleşen asman jisimi jaýyň üçeklerini deşip geçdi...

05.03.2026 07:02
5k+

2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy: «Ganly Aý» dürli künjeklerde nähili göründi?

3-nji martda 2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy boldy. Bu tebigy hadysa wagtynda Aý goýy gyzyl reňke eýe bolýar, şol sebäpli hem oňa, adatça, «Ganly Aý» diýilýär. Fotosuratçylar dünýäniň dürli künjeklerinde bu täsin pursaty surata düşürdi...