Ýewropa kosmos agentligi 2025-nji ýylyň iň gowy suratlaryny görkezdi

  • 31.12.2025 08:50
  • 6.8k+

Ýewropa kosmos agentligi (ESA) guramanyň esasy taslamalaryny we ylmy barlaglaryny özünde jemleýän 2025-nji ýylyň iň gowy suratlarynyň ýygyndysyny hödürledi.

Çap edilen kadrlaryň arasynda Germaniýadaky LUNA desgasynda astronawtlaryň türgenleşik pursatlary bar. Ol ýerde ESA we Germaniýanyň Awiasiýa we kosmonawtika merkezi (DLR) Aýda ýöremegiň modelini döretdiler. Synaglar wagtynda geljekki «Artemida» missiýalary üçin niýetlenen kameranyň prototipi ulanyldy. Şol bir wagtda Kosmos maglumat ulgamlary boýunça maslahat beriş komiteti (CCSDS) aragatnaşyk mümkinçilikleriniň çäkli şertlerinde Aýdan foto we wideolary ibermegiň üstünde işleýär.

Astronawt Mattias Maurer Germaniýadaky LUNA desgasynda türgenleşik wagtynda Aýa iberiljek kameranyň prototipini saklaýar / © ESA / M. Cowan

Şeýle-de, bu ýygynda «Biomass» hemrasynyň Fransuz Gwianasyndaky kosmodromdan «Vega-C» raketasynda uçurylyşynyň suratlary goşuldy. Bu apparat Ýer ýüzüni tokaý örtüginiň aňyrsyndan surata düşürmäge, şeýle hem çägäniň we buzuň astyndaky ýerleri barlamaga ukyplydyr. Bu bolsa buzluklary we gadymy gurluşlaryň mümkin bolan yzlaryny öwrenmek üçin örän möhümdir.

«Biomass» kosmos apparaty «Vega-C» raketasynyň bortunda uçuşa ugraýar / © ESA

2025-nji ýylyň tomsunda «Solar Orbiter» apparaty ilkinji gezek Günüň günorta polýusynyň suratlaryny iberdi. Şeýle-de ESA «Proba-3» missiýasynyň netijelerini görkezdi — bu taslamada iki sany hemranyň kömegi bilen Günüň täjini (koronasyny) öwrenmek üçin emeli Gün tutulmasy döredildi.
Saýlama toplumy Eýnşteýn halkasy bolan NGC 6505 galaktikasynyň, ýyldyzara 3I/ATLAS kometasynyň we «ExoMars» missiýasynyň TGO orbital apparaty tarapyndan hasaba alnan Marsdaky tozan tüweleýleriniň suratlary jemleýär.

«Biomass» hemrasy tarapyndan düşürilen Boliwiýanyň tokaýy / © ESA

«Solar Orbiter» apparaty tarapyndan alnan Günüň günorta polýusynyň görnüşi / © ESA

«Jeýms Uebb» teleskopynyň obýektiwindäki ýyldyzara 3I/ATLAS kometasy / © ESA / NASA

Emeli Gün tutulmasynyň şekili / © ESA

Eýnşteýn halkaly NGC 6505 elliptik galaktikasy, surat «Ýewklid» teleskopy tarapyndan düşürilen / © ESA

TGO kosmos apparaty Marsda tozan tüweleýlerini hasaba aldy / © ESA


11.06.2026 08:39
1.1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....

10.06.2026 10:51
1.2k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:17
2.9k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....

02.06.2026 12:47
6.2k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......