Mihaela Benthaus maýyp arabasynda kosmosa uçan ilkinji adam boldy

  • 23.12.2025 13:31
  • 7.2k+

Germaniýaly 33 ýaşly aerokosmos inženeri Mihaela Benthaus maýyp arabasynda kosmosda bolup gören ilkinji adam hökmünde taryha girdi. Uçuş Blue Origin kompaniýasynyň New Shepard suborbital kapsulasynda amala aşyryldy diýip, CNN habar berýär.

Apparat kosmosyň şertli serhedi hasaplanýan Karman çyzygyndan geçdi.
Bortda Benthaus bilen birlikde ýene bäş adam, şol sanda SpaceX-iň öňki ýokary wezipeli ýolbaşçysy Hans Kýonigsmann hem bardy. Ol bu missiýanyň guralmagyna ýardam berdi we Blue Origin bilen bilelikde oňa hemaýatkärlik etdi. Kosmos syýahatynyň takyk bahasy mälim edilmedi.
Kapsula 105 kilometrden gowrak belentlige galdy. Tutuş uçuş takmynan on minut dowam etdi. Gatnaşyjylar agramsyzlyk (newesomost) şertlerinde kosmos gämisiniň içinde erkin hereket edip bildiler. Benthausyň aýtmagyna görä, ol uçuşyň dowamynda hemişe gülüpdir we mikrograwitasiýada başaşak öwrülmäge synanyşypdyr.
Blue Origin kompaniýasy mundan öň hem suborbital missiýalara hereketi çäkli, görüş we eşidiş ukyby pes bolan adamlary gatnaşdyrypdy. Mundan başga-da, kompaniýanyň kosmos gämilerinde ýaşy 90-dan geçen syýahatçylar hem kosmosa uçupdylar.


11.06.2026 08:39
1.1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....

10.06.2026 10:51
1.2k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:17
2.9k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....

02.06.2026 12:47
6.2k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......