Aýa bir sagatda üç meteorit baryp urdy

  • 16.12.2025 09:48
  • 8.7k+

15-nji dekabra geçilen gije Aýyň üstüne üç meteoritiň gaçyşy hasaba alyndy. Hadysa bir sagatdan az wagtyň içinde bolup geçdi. Seýrek çaknyşma seriýasy iň kuwwatly meteor akymlarynyň biri bolan Geminidiň iň ýokary işjeňligi bilen baglanyşyklydyr diýip, ýaponiýaly astronom-höwesjeň Daiçi Fuji habar berdi.

Oňa Aýyň ýagty däl tarapynda ýerli wagt bilen 4:35:55, 4:58:20 we 5:33:08-de üç sany ýiti ýagtylyk lowurdysyny hasaba almak başartdy. Soňra gözegçiligi beýleki höwesjeň astronomlar hem tassyklady.
Görnüşi ýaly, gürrüň diametri 1 metrden geçmeýän uly bolmadyk meteoroidleriň gaçmagy barada gidýär. Aýyň atmosferasynyň ýokdugy sebäpli bu obýektler ýanmaýar-da, gönüden-göni Aýyň üsti bilen çaknyşyp, gysga wagtlyk ýagtylyk lowurdysyny döredýär. Şeýle urgular, esasanam, meteor akymlarynyň güýçli döwründe has aýdyň bolýar.
Üç sany garaşsyz gözegçilik ulgamynyň maglumatlaryna görä, 13-nji dekabrdan 14-nji dekabra geçilen gijede iň ýokary işjeňlik sagatda 120-150 meteora ýetdi. Gysga wagtda üç urgudan ybarat seriýanyň bolmagy meteor ýagyşlarynyň Ýeriň ýakyn kosmos gurşawyna täsirini görkezýär.


22.03.2026 16:34
4.1k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...

21.03.2026 11:26
5.4k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...

09.03.2026 14:06
12k+

Germaniýada asmandan inen meteorit ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi

Germaniýanyň günbataryndaky Reýnland-Pfalz federal ýerindäki Koblens şäherinde 8-nji mart güni agşam asmandan düşen meteorit bölegi ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi. Koblens polisiýasynyň berýän maglumatyna görä, Gýuls raýonynda sagat 19:00 töweregi kömürleşen asman jisimi jaýyň üçeklerini deşip geçdi...

05.03.2026 07:02
4.9k+

2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy: «Ganly Aý» dürli künjeklerde nähili göründi?

3-nji martda 2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy boldy. Bu tebigy hadysa wagtynda Aý goýy gyzyl reňke eýe bolýar, şol sebäpli hem oňa, adatça, «Ganly Aý» diýilýär. Fotosuratçylar dünýäniň dürli künjeklerinde bu täsin pursaty surata düşürdi...