Astronomlar ilkinji gezek Günüň daşky serhediniň kartasyny çyzdylar

  • 17.12.2025 11:16
  • 2.7k+

Astronomlar ilkinji gezek Günüň atmosferasynyň daşky serhediniň — Alwen üsti (Alfvén surface) hökmünde tanalýan zolagyň yzygiderli iki ölçegli kartasyny düzdüler. Bu serhet Gün şemalynyň magnit tolkunlarynyň tizliklerinden geçip, yzyna dolanmaz ýaly Günüň täsirinden çykýan we planetalarara giňişlige ýaýraýan sebitidir.

Bu taslamanyň üstünde Garward-Smitson astrofizika merkeziniň (CfA) alymlary işlediler. Hünärmenler döredilen kartalary ýakyn aralykdaky ölçegler bilen utgaşdyryp, Günüň işjeňligi ýokarlanmaga başladygyça, bu serhediň hem has ulalýandygyny, çylşyrymlaşýandygyny we anyk görünýändigini anykladylar.
The Astrophysical Journal Letters žurnalynda çap edilen barlaglaryň netijeleri NASA-nyň Parker Gün zondunyň ýyldyzyň atmosferasynyň çuňluklaryna giren wagtynda alan maglumatlary arkaly barlanyldy.

"Alwen üstüniň has aşaky gatlaklaryndan alnan Parker zondunyň maglumatlary Gün täjiniň (corona) näme üçin beýle yssydygy ýaly möhüm soraglara jogap bermäge kömek edip biler. Ýöne bu soraglara jogap bermezden ozal, serhediň nireden geçýändigini anyk bilmelidiris" — diýip, CfA-nyň astrofizigi we makalanyň esasy awtory Sem Bedman düşündirýär.

Alnan kartalar we maglumatlar Günüň Ýere edýän täsiriniň modellerini kämilleşdirmäge, kosmos howasyny has takyk çaklamaga we galaktikadaky beýleki ýyldyzlaryň atmosferasynyň çylşyrymlylygyna has gowy düşünmäge mümkinçilik berer. Alymlar geljekde Günüň işjeňliginiň peseljek döwründe Gün täjini täzeden öwrenmegi meýilleşdirýärler.


düýn 10:51
805

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:45
4k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

08.06.2026 16:26
4.7k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......

08.06.2026 16:17
2.7k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....