«Habbl» teleskopy kosmosda täze görnüşli obýekti tapdy: Ýyldyzsyz «Bulut 9»

  • 11.01.2026 13:24
  • 2.1k+

«Habbl» (Hubble) kosmos teleskopy örän geň galdyryjy astronomik obýekti — içinde ýekeje ýyldyz hem bolmadyk, diňe gazdan we garaňky maddadan ybarat bolan ägirt uly buludy ýüze çykardy. Phys.org neşiriniň habar bermegine görä, bu açyş galaktikalaryň nähili emele gelýändigi baradaky ylmy garaýyşlary üýtgedip biler.

«Bulut 9» (Cloud 9) diýlip atlandyrylan bu gurluş, aslynda "baş tutmadyk" galaktikadyr. Ol ýyldyzlary emele getirmek üçin ýeterlik madda toplap bilmedik, emma öz ykjamlygyny saklaýan madda üýşmegidir.
Obýekt ilkinji gezek mundan üç ýyl ozal Hytaýyň ägirt uly FAST radioteleskopy tarapyndan tapyldy.
Ýakynda «Habbl» teleskopy bu buludyň içinde hakykatdan hem hiç hili ýyldyzyň ýokdugyny gutarnykly subut etdi.

Sanlar we häsiýetnamalar:

  • Ölçegi: Ýadrosynyň diametri takmynan 4900 ýagtylyk ýylyna deň.
  • Mazmuny: Esasan neýtral wodorod gazyndan ybarat.
  • Massasy: Gazyň massasy Günüňkiden 1 million esse uly.
  • Garaňky madda: Iň geň galdyryjy tarapy — obýektiň düzümindäki garaňky maddanyň massasy Günüň massasyndan 5 milliard esse uludyr.

Astronomlaryň pikiriçe, bu anomaliýa häzirki wagtda durnukly ýagdaýda dur. Emma geljekde ol ýa beýleki kosmos maddalaryny özüne çekip, hakyky galaktika öwrüler, ýa-da wagtyň geçmegi bilen daralyp, kosmosda ýitip gider. Bu açyş Älemiň uly göwrümli gurluşlarynyň emele geliş mehanizmlerini öwrenmekde täze gapylary açýar.


düýn 10:51
808

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

09.06.2026 23:32
3.3k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

08.06.2026 16:17
2.7k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....

07.06.2026 19:54
2.1k+

NASA geljekki bazany taýýarlamak üçin Aýa her aýda robotlary iberer

NASA 2027-nji ýyldan başlap, Ýeriň tebigy hemrasynyň günorta polýusynyň töwereginde geljekki bazanyň infrastrukturasyny taýýarlamak üçin Aýa takmynan her aýda uçarmansyz missiýalary geçirmegi meýilleşdirýär....