Türkiýe Somalide öz kosmodromynyň gurluşygyna başlady

  • 15.12.2025 17:39
  • 4.6k+

Türkiýe Somaliniň çäginde kosmodrom gurmak işine girişdi. Bu desga ýurda öz raketa göterijilerini ulanmak mümkinçiligini berer diýip, Baykar awiagurluşyk kompaniýasynyň müdirler geňeşiniň başlygy Selçuk Baýraktar Stambulda geçirilen Take off tehnologiýa forumynda aýtdy.

«Adatça, kosmodrom raketa göterijilerini ulanmak üçin ummanyň golaýynda ýerleşmeli. Somalide bolsa Türkiýäniň şeýle ýeri bar, onuň meýdany 30 x 30  kilometr. Dünýäde şeýle meýdançalar bary-ýogy 12 sany. Döwlet eýýäm Somalide kosmodromyň gurluşygyna girişdi» - diýip, Türkiye Today Baýraktaryň sözlerini getirýär.

Şeýle-de, Selçuk Baýraktar Baykar kompaniýasynyň GPS-e meňzeş türk nawigasiýa ulgamyny döretmek meýilnamalary barada aýtdy. Ol XV asyryň döwlet işgäri we Tamerlanyň agtygy Ulugbegiň hormatyna Uluğ Bey adyny alar. Ulgamy döretmegiň üstünde 130 inžener işleýär.
Türkiýe 2018-nji ýylda Türk kosmos agentligi (TUA) döredileni bäri öz kosmos programmasyny işjeň ösdürýär. Soňky ýyllarda ýurt birnäçe telekommunikasiýa we gözegçilik hemralaryny, şol sanda Türksat seriýasyny we Göktürk gözleg enjamlaryny işe girizdi. 2023-nji ýylda doly derejede Türkiýe tarapyndan öndürilen İMECE hemrasy orbita çykaryldy. 


12.03.2026 19:56
6.9k+

Türkmenistanyň we Türkiýäniň migrasiýa edaralarynyň wekilleri iş maslahatyny geçirdi

2026-njy ýylyň 11-nji martynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň we Türkiýe Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Migrasiýa müdirliginiň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly iş duşuşygy geçirildi...

11.03.2026 23:37
6.3k+

Türkmenistanyň Baş konsuly Stambulyň häkimi bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 11-nji martynda Stambul welaýat häkimliginiň binasynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş konsuly Ö. Jumanazarow bilen Stambulyň häkimi Dawut Gülüň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär...

28.02.2026 10:13
9.6k+

Türkiýe 7 milliard dollara yklymlarara demir ýol gurar

Türkiýe Demirgazyk aýlaw demir ýolunyň gurluşygy üçin alty halkara guramadan 6,75 milliard dollar maliýe serişdesini almak boýunça deslapky ylalaşyga ýetdi. Bu taslama Bütindünýä banky, Aziýa infrastruktura maýa goýum banky, Aziýa ösüş banky, Yslam ösüş banky, OPEK-iň Halkara ösüş gaznasy we Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky tarapyndan maliýeleşdiriler...

11.02.2026 11:51
3k+

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň söwda ministrini kabul etdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurda sapar bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň söwda ministri Ömer Bolaty kabul etdi. Duşuşygyň başynda myhman Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkmenistanyň Prezidentine we Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi diýip, TDH habar berýär...