ABŞ-da energiýany simsiz geçirmek boýunça rekord goýuldy

  • 26.11.2025 12:21
  • 6.9k+

Star Catcher Industries amerikan startapy lazer şöhlesi arkaly adaty, kommersiýa Gün panellerine 1,1 kW optiki kuwwat geçirmek bilen simsiz energiýa geçiriş boýunça täze dünýä rekordyny goýdy. Synaglar Florida ştatynyň Kennedi adyndaky kosmodromynda geçirildi. Häzirki wagtda orbitada synaglara taýýarlyk görülýär.

Kosmosda Gün energiýasy gije-gündiz diýen ýaly elýeterlidir, ýöne hemralardaky Gün panelleriniň meýdany çäklidir. Bu, olaryň bort energiýa üpjünçilik ulgamlarynyň kuwwatyna çäklendirmeler girizýär. Star Catcher hemralar kölegä düşende ýa-da ýeterlik elektrik toguny özbaşdak öndürip bilmedik ýagdaýynda olary energiýa bilen üpjün edip, bu meseläni çözmäge niýetlenendir.
Star Catcher platformasy öz uly panellerinde Gün şöhlesini ýygnaýar we soňra konsentrirlenen energiýany lazer şöhlesi görnüşinde orbitadaky aýry-aýry hemralaryň Gün panellerine geçirýär. Multispektral lazer panelleri iň laýyk spektr bilen ýagtylandyrýar, bu bolsa enjamy täzeden işläp taýýarlamazdan olaryň elektrik üpjünçilik kuwwatyny iki–on esse artdyrmaga mümkinçilik berýär.
Kosmodromdaky tejribe Star Catcher desgasy adaty panellere 1,1 kW geçirmegi başarandygyny görkezdi — bu täze rekorddyr. Öň iň gowy hasaplanan DARPA tarapyndan işlenip taýýarlanan lazer simsiz ulgamy 800 Wt geçiripdi. Ýöne DARPA ulgamynda infragyzyl lazer 8,6 km aralykda we 30 sekuntda işledi. Bu, Star Catcher tejribesindäki ýaly, on metrlik aralyga fokuslanmadyk yşygy geçirmekden tapawutlanýar, şonuň üçin bu iki tejribäni deňeşdirmek dogry däl.
Muňa garamazdan, Star Catcher kosmos pudagyndan we harby güýçlerden goldaw alyp, hemralary goşmaça energiýa bilen üpjün etmek boýunça birnäçe şertnama baglaşdy. Prototipleriň kosmosdaky ilkinji synaglaryny 2026-njy ýylda geçirmek meýilleşdirilýär we olar tehnologiýanyň amaly ulanylyşa näderejede taýýardygyny görkezer.


düýn 19:47
679

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

14.06.2026 15:10
1.3k+

Google kompaniýasy ABŞ-nyň federal kwant maksatnamasyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kwant tehnologiýalaryny goldamak boýunça federal maksatnamasyna gatnaşmazlyk kararyna geldi. Kompaniýa maliýeleşdiriş şertleriniň iş ýüzünde peýdaly boljak kwant kompýuteriniň......

11.06.2026 22:18
7.7k+

Modi Hindistanyň premýer-ministri hökmünde rekord goýdy

Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi ýurduň häzirki taryhyndaky ähli hökümet baştutanlarynyň arasynda bu wezipäni üznüksiz we iň uzak wagtlap eýelän premýer-ministr hökmünde rekord goýdy....

08.06.2026 18:54
4.4k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......