Hytaýyň “Týangun” orbital stansiýasyna zeper ýetenden soň, onda gorag panelleri gurnaldy

  • 18.12.2025 18:23
  • 4k+

Hytaýyň “Týangun” orbital stansiýasynda kosmos galyndysynyň kiçijik böleginiň üç kosmonawty dokuz günläp "gabap" saklan hadysasyndan takmynan bir aý soň, ekipaž stansiýanyň gurluşyna üýtgeşmeler girizmäge başlady diýip, CGTN döwlet teleýaýlym ulgamy habar berýär.

Hytaýly kosmonawtlar Çžan Lu we U Feý sekiz sagatlyk açyk kosmosa çykmagy amala aşyrdylar. Işleriň dowamynda olar stansiýanyň daşky gatlagyna kosmos galyndylaryndan goraýan panelleri gurnadylar. Şeýle hem, stansiýanyň daşky ýüzüni gözden geçirdiler we uly bolmadyk abatlaýyş işlerini geçirdiler.
Hytaýyň Dolandyrylýan kosmos uçuşlary müdirligi (CMSA) kosmos galyndysynyň urulmagy netijesinde ýeten zeperler sebäpli, gysga wagtyň içinde (iki hepdeden hem az wagtda) "Týanguna" pilotsyz kosmos gämisini iberdi. Ozalky ekipažy 5-nji noýabrda Ýere getirmeli bolan "Şençžou-20" gämisiniň illýuminatorynda jaýryk emele gelip, ol yzyna dolanmak üçin ýaramsyz diýlip hasaplandy.
Netijede, stansiýa "Şençžou-20"-de gelen ekipaž yzyna dolanmak üçin "Şençžou-21" gämisini ulandy. Täze gelen kosmonawtlar bolsa wagtlaýynça ýörite "ulagsyz" galdylar. Bu meseläni çözmek üçin gyssagly wezipe amala aşyryldy: "Şençžou-21"-iň ekipažy täze yzyna dolanyş apparatyny — "Şençžou-22"-ni aldy. Maglumatlara görä, bu gämi stansiýa üçin kosmos galyndylaryndan goraýan materiallary hem eltip berdi.
Orbital galyndylar dünýä kosmonawtikasy üçin iň uly meseleleriň biri bolmagynda galýar. Hatda iň kiçijik bölejikler hem howplydyr, sebäbi olar sagatda 25 000 kilometr tizlik bilen hereket edýärler. Bu bolsa Ýerdäki okdan ortaça 10 esse çaltdyr. Ýer golaýyndaky giňişlikde 25 000-den gowrak iri obýekt yzarlanýar, anyklap bolmaýan kiçijik bölejikleriň sany bolsa on millionlarça diýlip çaklanylýar.


düýn 23:52
5.6k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik minara krany guruldy

Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy dünýäde iň beýik minara kran bolan LW3600-240NB-i döretdi. Bu tehnika örän beýik we agyr ýel generatorlaryny gurnamak üçin niýetlenilip, agramy 240 tonna çenli bolan ýükleri 241......

düýn 08:39
967

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....

10.06.2026 10:51
1.1k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:17
2.8k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....