Günorta Koreýanyň ilkinji hususy raketasy uçurylandan az wagt soň heläkçilige uçrady

  • 24.12.2025 10:36
  • 12k+

23-nji dekabrda Aşgabat wagty bilen sagat 06:13-de Günorta Koreýanyň Innospace hususy kompaniýasynyň raketasynyň ilkinji orbital uçurylyşy amala aşyryldy. Bu synanyşyk şowsuz tamamlandy: uçurylandan takmynan 30 sekunt soň raketa ýere gaçdy we bortundaky ähli ýük ýitirildi. Raketanyň bortunda koreý we hindi kompaniýalary tarapyndan taýýarlanan bäş sany kiçi hemra bardy.

Heläkçilik kiçi klasly, iki basgyçly Hanbit-Nano raketa göterijisi bilen bolup geçdi.
Innospace bazarda 2017-nji ýyldan bäri işläp gelýär, Günorta Koreýanyň özi bolsa kosmos senagatyny öz güýji bilen ösdürmäge ýaňy-ýakynda başlady. Milli Nuri raketa göterijisiniň ilkinji uçuşy 2021-nji ýylda amala aşyryldy, ýurduň KASA kosmos agentligi bolsa 2024-nji ýylyň awgustynda döredildi.
Uçuryş Braziliýanyň daşary ýurtly operatorlar üçin açyk bolan Alkantara kosmodromyndan amala aşyryldy. Raketanyň uzynlygy takmynan 20 metre golaýdy. Bar bolan maglumatlara görä, raketanyň bölekleri kosmodromyň çäginden daşary gaçdy, ýöne hiç hili zeper ýetmelere ýa-da adam pidalaryna sebäp bolmady.
Hanbit-Nano raketasynyň uçurylyşy tehniki sebäplere görä üç gezek yza süýşürilipdi. Bir ýyl mundan ozal kompaniýa "Hanbit-TLV" prototipiniň suborbital synaglaryny üstünlikli geçiripdi. Raketa 90 kg çenli ýüki Ýeriň aşaky orbitasyna we Gün bilen sinhron orbitasyna (500 km beýiklige çenli) çykarmak üçin niýetlenendir. Häzirki uçuryşda bolsa hemralary takmynan 300 km orbita çykarmak meýilleşdirilipdi.
Raketanyň birinji basgyjy suwuk kislorod we parafin bilen işleýän, 25 tonnalyk itekleýji güýje eýe bolan gibrid hereketlendiriji bilen üpjün edildi. Ikinji basgyç bolsa 3 tonnalyk itekleýji güýji bolan metan-kislorod hereketlendirijisi bilen işleýärdi. Deslapky maglumatlara görä, uçurylandan az wagt geçenden soň, birinji basgyçda ýangyn ýüze çykypdyr. Kompaniýa ähli maglumatlary seljerjekdigini we indiki uçurylyşa taýýarlyk görjekdigini mälim etdi.


şu gün 16:17
781

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....

02.06.2026 12:47
6k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......

02.06.2026 12:45
8.2k+

Koreýaly alymlar tüwi kagyzynyň kömegi bilen köne elektronikalardan altyn almagy öwrendiler

Günorta Koreýanyň himik alymlary adaty tüwi kagyzyny ulanmak arkaly elektron galyndylardan we senagat zibillerinden altyny bölüp almagyň ekologik taýdan arassa hem-de örän arzan tehnologiýasyny işläp düzdüler....

31.05.2026 20:50
10k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......