NASA «Habblyň» işini dowam etdirjek Roman teleskopyny ýygnamak işini tamamlady

  • 09.12.2025 06:39
  • 3.1k+

Milli aeronawtika we kosmos giňişligini öwrenmek edarasy (NASA) Nensi Greýs Roman adyndaky kosmos teleskopyny (Nancy Grace Roman Space Telescope) ýygnamak işlerini tamamlady.

Işleriň möhüm tapgyry 2025-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Merilendde NASA-nyň Goddard adyndaky kosmos uçuşlary merkezinde geçirildi. Bu ýerde obserwatoriýanyň içki we daşky bölekleri üstünlikli birleşdirildi. Ilkibaşda uçuş 2027-nji ýylyň maýyna meýilleşdirilipdi, ýöne inženerleriň çalt işlemegi netijesinde teleskopy eýýäm 2026-njy ýylyň güýzünde kosmosa uçurmak mümkin boldy.
Teleskop NASA-nyň astronomiýa ugrunyň ilkinji zenan ýolbaşçysynyň hormatyna atlandyryldy we mümkin bolan açyşlaryň gerimi boýunça «Habblyň» yzyny dowam etdiriji hökmünde görkezilýär.  
Enjam SpaceX kompaniýasynyň Falcon Heavy raketasy bilen uçurylar. Ol Ýerden, takmynan, 1,5 mln km uzaklykda ýerleşýän Lagranž L2 nokadynyň töweregindäki galo-orbita çykarylar.
Teleskopyň esasy missiýasy bäş ýyl dowam eder we bu döwürde ol 20 petabaýta çenli maglumat ýygnamaly.
Roman Space Telescope iki esasy ylmy gural bilen enjamlaşdyryldy:

  • ·Wide Field Instrument: 288 megapiksel durulykdaky kamera optiki we ýakyn infragyzyl diapazonlarda surata düşürip bilýär. Onuň asmana syn ediş meýdany «Habblyň» mümkinçiliklerinden 100 esse uludyr.
  • ·Koronograf tehnologiýa demonstratory: merkezi ýyldyzlaryň ýagtylygyny blokirlemek arkaly ilkinji gezek sowuk we ýyldyzlara ýakyn ekzoplanetalaryň göni suratyny almaga mümkinçilik berjek gural.

Gurnama işleriniň tamamlanmagy guralyň ahyrky synagyna ýol açýar. 2026-njy ýylyň tomsunda teleskop uçurmaga taýýarlyk görmek üçin NASA-nyň Kennedi adyndaky kosmos merkezine getiriler.
NASA-nyň wekilleri Roman Space Telescope-yň kosmologiýanyň «Näme üçin Älemiň giňelmegi çaltlaşýar», «Garaňky energiýanyň tebigaty nähili» ýaly esasy soraglaryna jogap bermek üçin XXI asyryň iň güýçli gurallarynyň biri boljakdygyna ynanýar. Missiýa galaktikanyň emele gelşine düşünmekde we täze dünýäleri gözlemekde rewolýusiýany wada berýär. 


17.06.2026 11:18
1k+

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....

14.06.2026 16:13
5.9k+

NASA-nyň zondy Günüň golaýyndaky 1300 °C gyzgynlyga döz gelip, gaýtadan aragatnaşyga çykdy

«Parker Solar Probe» kosmos enjamy Günüň golaýyna tarap ýene bir gezek taryhy rekord derejede golaýlaşmadan we Ýer bilen aragatnaşyksyz geçen dokuz günlük özbaşdak uçuşyndan soň, şowly ýagdaýda ýene......

11.06.2026 10:55
1.8k+

NASA «Artemis III» missiýasynyň ekipaž düzümini yglan etdi

NASA agentligi 2027-nji ýylda amala aşyryljak Artemis III missiýasynyň düzüminde uçmaly dört astronawtyň atlaryny mälim etdi. Missiýa 2028-nji ýylda Aýyň günorta polýusyna ilkinji gezek adamyň aýak basmagyny......

11.06.2026 08:39
1.1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....