Dekabrda Ýeriň ýaşaýjylary Superaýy, Ýupiteriň hemralaryny we sagatda 150-ä golaý meteory görüp biler

  • 03.12.2025 09:20
  • 10k+

Ýeriň ýaşaýjylary dekabryň başynda birnäçe täsin astronomik hadysalara: Superaýa, Geminid meteor akymyna we Ýupiteriň iň uly hemralaryna syn edip biler. Bu barada UrFU okuw astronomiýa obserwatoriýasynyň inženeri Wladilen Sanakoýewe salgylanyp, TASS habar berýär.

4-nji dekabrdan 5-nji dekabra geçilýän gije Aý adatdakysyndan ýokary galyp, Ýere 360 müň kilometrden az aralyga çenli ýakyn geler. Bu ýylyň üçünji Superaýy bolar.
Ýupiter barada aýdylanda, ony asmanyň demirgazyk-günbatar böleginde agşamyna görmek bolar. Eger ýönekeý optiki gurallary alsaň, onuň iň uly dört hemrasyny görmek başardar: Io, Ýewropa, Ganimed we Kallisto. Sanakoýew 7-nji dekabrda bu hemralaryň planetadan uzakda ýerleşiş tertibini saklap, bir hatara düzüljekdigini belledi.
Bularyň arasynda iň täsirli hadysanyň – Geminid meteor akymynyň 13-nji dekabrdan 14-nji dekabra geçilýän gije bolmagyna garaşylýar. Astronom sagatda 100-150 meteoryň bolup biljekdigini çaklaýar. Şäherlerden daşynda sagatda 10-15 meteory görüp bolar. Olar dürli uzynlykdaky gysga ýagty saçýan zolaklar ýaly görner.


18.04.2026 23:36
3.9k+

2026-njy ýylyň maýynda seýrek duş gelýän goşa dolan Aý hadysasy bolar

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýeriň ýaşaýjylary seýrek duş gelýän hadysany — bir aýyň dowamynda iki gezek dolan Aýyň emele gelmegini synlap biler. Bu barada K.E.Siolkowskiý adyndaky Döwlet kosmonawtika taryhy......

22.03.2026 16:34
4.2k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...

21.03.2026 11:26
5.6k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...

09.03.2026 14:06
13k+

Germaniýada asmandan inen meteorit ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi

Germaniýanyň günbataryndaky Reýnland-Pfalz federal ýerindäki Koblens şäherinde 8-nji mart güni agşam asmandan düşen meteorit bölegi ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi. Koblens polisiýasynyň berýän maglumatyna görä, Gýuls raýonynda sagat 19:00 töweregi kömürleşen asman jisimi jaýyň üçeklerini deşip geçdi...