Marsdaky Curiosity enjamy planetadan «baýramçylyk otkrytkasyny» iberdi

  • 07.01.2026 14:07
  • 6.7k+

NASA Marsdaky Curiosity enjamy tarapyndan düşürilen panorama suratyny hödürledi. «Baýramçylyk otkrytkasynda» Geýl kraterindäki Şarp dagynyň eňňitleri şekillendirilýär. Fotosuratda günüň dürli wagtynda düşürilen suratlar birleşdirilýär diýip, Phys.org belleýär.

Kadrlar 2025-nji ýylyň 18-nji noýabrynda missiýanyň 4722-nji we 4723-nji solunda (sol – bu Ýerdäkiden, takmynan, 40 minut uzak dowam edýän Mars güni) alyndy. Hünärmenler 16:15-de düşürilen suraty ertesi gün 8:20-de düşürilen surat bilen birleşdirdi. Relýefiň gowy görünmegi we suratyň has aýdyň bolmagy üçin hünärmenler reňkleri gaýtadan işledi: säherde düşürilen ýerler gök-mawy reňke, agşamky bolsa altynsow-sary reňke boýaldy. Şeýle kombinirlenen suratlary enjam 2021-nji we 2023-nji ýyllarda-da iberipdi.
Curiosity roweri 2012-nji ýylyň awgustyndan bäri Gyzyl planetanyň kraterlerini öwrenýär. 13 ýylyň dowamynda ol Geýl kraterinde organiki molekulalary, uglerod känlerini we gadymy suw howdanlarynyň yzlaryny tapdy. Tower planetanyň klimat taryhyny seljermek üçin buraw enjamyny we spektrometr ulanyp, Şarp dagynyň geologik gatlaklaryny öwrenmegini dowam etdirýär.
Missiýanyň ilkibaşda iki ýyla niýetlenendigine garamazdan, inženerler ylmy gözlegleri dowam etdirmek üçin ulgamlaryň işe ukyplylygyny we energiýa netijeliligini saklamagy başardy. Mars enjamy tarapyndan edilen açyşlaryň planetany öwrenmek üçin ähmiýeti uludyr. 


düýn 23:32
511

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

08.06.2026 16:17
2.5k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....

07.06.2026 19:54
2k+

NASA geljekki bazany taýýarlamak üçin Aýa her aýda robotlary iberer

NASA 2027-nji ýyldan başlap, Ýeriň tebigy hemrasynyň günorta polýusynyň töwereginde geljekki bazanyň infrastrukturasyny taýýarlamak üçin Aýa takmynan her aýda uçarmansyz missiýalary geçirmegi meýilleşdirýär....

02.06.2026 12:47
6.1k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......