NASA astronawtyň saglyk ýagdaýy sebäpli Crew-11 ekipažyny kosmosdan möhletinden öň yzyna gaýtarýar

  • 09.01.2026 16:16
  • 5.4k+

NASA agentligi astronawtlaryň birinde ýüze çykan lukmançylyk meseleli ýagdaý sebäpli, SpaceX kompaniýasynyň Crew-11 ekipažyny meýilleşdirilen wagtyndan öň Ýere gaýtarmak barada karar kabul etdi. Bu barada CBS News neşiri kosmos agentliginiň direktory Jared Aýzekmana salgylanyp habar berýär.

Aslynda, ekipažyň Ýere dolanmagy 2026-njy ýylyň maý aýyna meýilleşdirilipdi.
NASA-nyň ýolbaşçysy: "Stansiýadaky ekipaž agzalarynyň birinde saglyk ýagdaýy bilen bagly mesele ýüze çykdy, häzirki wagtda onuň ýagdaýy durnukly" diýip tassyklady. Emma ol meseläniň häsiýeti we astronawtyň ady barada maglumat bermedi.
NASA-nyň lukmançylyk gullugynyň ýolbaşçysy Jeýms Polk hem astronawtyň şahsyýeti we anyk diagnozy barada aýtmakdan ýüz öwürdi. Onuň sözlerine görä, astronawtyň ýagdaýy durnukly we bu waka stansiýadaky işler ýa-da açyk kosmosa çykyşlar bilen bagly däl.
Crew-11 ekipažynyň düzümi:

  • Ekipaž komandiri: Zena Kardman
  • Astronawt: Edward Maýkl Fink
  • JAXA agentliginiň (Ýaponiýa) astronawty: Kimiýa Ýui
  • Russiýaly kosmonawt: Oleg Platonow

NASA bu wakanyň Halkara kosmos stansiýasynyň 25 ýyllyk taryhynda şeýle sebäp bilen amala aşyrylýan ilkinji möhletinden öňki gaýdyşdygyny aýtdy. Orbitada doly derejeli anyklaýyş (diagnostika) we bejergi geçirmek üçin mümkinçilikleriň ýokdugy bellenilip geçilýär.
Missiýanyň dolanyp geljek wagty gäminiň taýýarlygyna we howa şertlerine baglylykda kesgitlener. NASA munuň "gyssagly ewakuasiýa" (gaçyryş) däldigini, ýöne meýilleşdirilen möhletden öňki dolanyşykdygyny takyklady.
Belläp geçsek, Crew-11 ekipažy 2025-nji ýylyň 2-nji awgustynda Crew Dragon gämisi bilen HKS-e barypdy.


09.03.2026 14:06
12k+

Germaniýada asmandan inen meteorit ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi

Germaniýanyň günbataryndaky Reýnland-Pfalz federal ýerindäki Koblens şäherinde 8-nji mart güni agşam asmandan düşen meteorit bölegi ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi. Koblens polisiýasynyň berýän maglumatyna görä, Gýuls raýonynda sagat 19:00 töweregi kömürleşen asman jisimi jaýyň üçeklerini deşip geçdi...

05.03.2026 07:02
4.8k+

2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy: «Ganly Aý» dürli künjeklerde nähili göründi?

3-nji martda 2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy boldy. Bu tebigy hadysa wagtynda Aý goýy gyzyl reňke eýe bolýar, şol sebäpli hem oňa, adatça, «Ganly Aý» diýilýär. Fotosuratçylar dünýäniň dürli künjeklerinde bu täsin pursaty surata düşürdi...

26.02.2026 16:54
5.4k+

Gün «ukudan oýandy»: alymlar 4 günlük dymyşlykdan soň işjeňligiň gaýtadan başlandygyny mälim etdi

Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň habar bermegine görä, Günde dört günlük doly asudalykdan soň işjeňlik täzeden başlandy. Bu hadysanyň alamatlary iki-üç gün ozal emele gelip başlan täze tegmiller toparynda hasaba alyndy...

26.02.2026 12:40
5.8k+

Älemdäki iň uly ýyldyzlaryň biri partlamaga taýýarlanýar

Älemde mälim bolan iň äpet ýyldyzlaryň biri — WOH G64 — düýpli üýtgeşmelere sezewar boldy. Alymlaryň pikirine görä, bu ýyldyzyň ömri tamamlanyp barýar. Afiny milli obserwatoriýasynyň hünärmeni Gonsalo Munýosa-Sançesiň ýolbaşçylygyndaky barlag topary şeýle netijä geldi...