Crew-11-iň astronawtlary lukmançylyk ewakuasiýasyndan soň Ýere möhletinden ir gaýdyp geldi

  • 15.01.2026 16:31
  • 4.2k+

SpaceX amerikan kompaniýasynyň köp gezeklik Crew Dragon kosmos gämisi Crew 11 missiýasynyň ekipažy bilen şu gün Kaliforniýanyň günorta kenaryndaky Ýuwaş ummana üstünlikli gondy. Bu barada NASA habar berýär.

NASA-nyň astronawtlary Zena Kardman we Maýk Fink, «Roskosmosyň» kosmonawty Oleg Platonow we Ýapon kosmos agentliginiň astronawty Kimiýa Ýui Halkara kosmos stansiýasynda 165 gün bolandan soň Ýere gaýdyp geldi. Kapsulanyň paraşýut ulgamynyň kömegi bilen suwa gonmagy ABŞ-nyň Gündogar kenarynyň wagty bilen 03:41-de (Aşgabat wagty bilen 13:41) San-Diego sebitinde bolup geçdi.
Gonuş ýerine SpaceX-iň gözleg-halas ediş gämisi nobatçylyk etdi. Ol kapsulany gidrawliki enjam bilen borta galdyrdy. Ekipaž kenara eltmezden öň ilkinji lukmançylyk barlagyndan geçýär.
Crew 11 missiýasy ekipažyň agzalarynyň biriniň saglygynyň ýaramazlaşmagy sebäpli möhletinden ir tamamlandy. Nogsanlyk mikrograwitasiýa şertlerinde uzak wagtlap bolmakdan ýüze çykdy. NASA munuň gyssagly ewakuasiýa däl-de, dürli garaşylmadyk ýagdaýlar ýüze çykanda ekipažy yzyna gaýtarmak mümkinçiliginiň meýilleşdirilmedik synagydygyny aýdýar.
Crew Dragon ugrandan soň, HKS-de NASA-nyň astronawty Kristofer Uilýams hem-de 27-nji noýabrda «Soýuz MS-28» gämisinde orbita çykan «Roskosmosyň» kosmonawtlary Sergeý Kud-Swerçkow we Sergeý Mikaýew galdy. 


19.05.2026 16:54
9.5k+

Suratçy Günüň öňünden geçip barýan uçaryň iň gowy suratyny almak üçin 1,7 million kadr düşürdi

Älem giňişligini surata düşürmekde meşhur suratçy Endrýu MakKarti Günüň edil öňünden geçip barýan uçary we şol pursat Günüň ýüzünde dörän iki sany uly otly tütüni bir kadra sygdyrmak üçin 6 günüň dowamynda 1,7......

15.05.2026 10:31
2.4k+

Özbegistan 2028-nji ýyla çenli älem giňişligine ilkinji kosmonawtyny ibermegi meýilleşdirýär

Özbegistan 2028-nji ýylyň oktýabr aýyna çenli ilkinji özbek kosmonawtyny älem giňişligine ibermegi maksat edinýär. Bu barada Özbekkosmos agentliginiň direktorynyň orunbasary Muhiddin Ibragimow habar berdi.......

30.04.2026 12:08
1.9k+

NASA Aýyň günorta polýusyny öwrenmek üçin dört sany MoonFall dronyny uçurmagy meýilleşdirýär

NASA Aýyň günorta polýusyny öwrenmek üçin MoonFall taslamasynyň çäginde dronlary ulanmagy göz öňünde tutýar. Bu başlangyç täzelenen Artemis maksatnamasynyň bir bölegi bolup, ony razwedka etmek, ylmy barlaglar......

21.04.2026 12:08
3.6k+

Başgalardan 400 km ýokarda bolanlar üçin geýim: Vast Space kosmonawtlar üçin kostýum döretdi

Vast Space kompaniýasy geljekki Haven-1 täjirçilik orbital stansiýasynda, şeýle hem Halkara kosmos stansiýasyna hususy missiýalarda ulanmak üçin astronawtlara  niýetlenen uçuş eşigini görkezdi. Tanyşdyryş......