Alymlar ýaldyrawuk tomzaklaryň aragatnaşyk ýörelgesinden peýdalanyp, ýerden daşardaky aňy gözlemegi teklip etdiler

  • 29.12.2025 11:06
  • 2.8k+

Arizona ştatynyň uniwersitetiniň alymlary ýerden daşary aňy gözlemek üçin täze strategiýany hödürlediler. Ol biologik aragatnaşyk ýörelgelerine we pulsarlary (neýtron ýyldyzlaryny) fon hökmünde ulanmaga esaslanýar. Santa-Fe institutynyň we Kolorado uniwersitetiniň alymlarynyň gatnaşmagynda taýýarlanan bu ylmy iş PNAS Nexus žurnalynda çap ediler.

Gözlegiň awtorlary adamlaryň ulanýan tehnologiýalaryna meňzeş signal gözlemekden dänmegi maslahat berýärler, sebäbi bu başga görnüşli habarlary gözden düşürmek howpuny döredýär. Onuň ýerine, alymlar ähli janly ulgamlara mahsus bolan umumy häsiýete — energiýany tygşytlaýan, emma aňsat saýhallanýan habarlary döretmek ukybyna üns bermegi teklip edýärler. Şeýle mehanizm tebigatda ýaldyrawuk tomzaklarda duş gelýär: olaryň yşyk saçyş yzygiderliligi maksimal derejede optimallaşdyrylandyr.
Barlagyň çäginde alymlar Ýerden 5 kiloparsek radiusynda ýerleşýän 158 sany pulsaryň şöhlelenmesine emeli signallaryň goşulyşmagyny simulýasiýa etdiler. Seljerme netijesinde, tebigy pulsarlaryň gipotetiki optimallaşdyrylan yzygiderliklere garanyňda 84–99,78% has köp energiýa sarp edýändigi anyklandy.
Ekspertleriň gelen netijesine görä, islendik "ýaşaýyş signalyny" onuň anyk manysyna düşünmezden hem, diňe bir statistik yzygiderliligi we ýokary energiýa netijeliligi boýunça tanap bolýar.


düýn 22:30
811

Ultrasesli espresso: Sidneýli alymlar kofe gaýnatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň hünärmenleri espresso taýýarlaýan täze enjam döretdiler. Bu gurluş gyzgyn suw ulanman, ýörite ultrases gurnamasy tarapyndan döredilýän ýokary......

düýn 13:48
2.8k+

Saud Arabystanynda kosmosy öwrenmek üçin daşdan ajaýyp toplum gurlar

Britaniýanyň Heatherwick Studio binagärlik şereketi kosmosy öwrenmek üçin niýetlenen desganyň we syýahatçylyk merkeziniň funksiýalaryny birleşdirjek innowasion toplum bolan AlUla Manara taslamasy bilen......

22.06.2026 14:38
3.6k+

Mars Express Marsyň jülgelerinde 30 sany tozan "şeýtanyny" surata aldy

Mars Express orbita stansiýasy Marsdaky Mamers Valles sebitiniň — takmynan 1000 kilometre uzalyp gidýän giň jülgeler ulgamynyň — täze, detallaýyn suratyny Ýere iberdi. Suraty has ýakyndan öwrenenden soň,......

22.06.2026 08:10
5.1k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......