7-nji ýanwarda planetalaryň ýörişi bolar we ol indiki gezek 2267-nji ýylda gaýtalanar

  • 10.12.2025 09:53
  • 5.9k+

2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda planetalaryň ýörişi bolar: Gün, Wenera we Mars bir hatara diýen ýaly düzüler, olaryň arasyndaky burç aralygy bolsa bir gradusa çenli azalar. Bu astronomik hadysanyň indiki gezek diňe XXIII asyrda gaýtalanmagyna garaşylýar diýip, RYA-nyň Kosmos gözlegleri institutynyň we Gün-Ýer fizikasy institutynyň metbugat gullugy habar berdi.

6 – 8-nji ýanwarda Gün bilen bellenilen planetalaryň arasyndaky burç aralygy bir gradusdan hem az bolar. Hünärmenleriň maglumatlaryna görä, soňky 500 ýylda şeýle waka bary-ýogy üç gezek hasaba alyndy: 1669-njy, 1682-nji we 1968-nji ýyllarda. Häzirki müňýyllykda bu hadysa diňe dört gezek bolar: 2026-njy ýylyň ýanwarynda, 2267-nji ýylyň iýunynda, 2324-nji ýylyň dekabrynda we 2623-nji ýylyň dekabrynda.
Häzirki wagtda Mars we Wenera Güne ýakynlaşyp başlady. Häzir planetalar, takmynan, 10 gradus aralykda ýerleşýär. Täze ýyl gijesine çenli olaryň arasyndaky aralyk iki-üç gradusa çenli azalar, 1 – 1,2 gradusa çenli iň ýokary wizual ýakynlaşma bolsa 6-njy ýanwardan 8-nji ýanwar aralygynda bolar.
Soňra 22-nji ýanwarda Wenera bilen Marsa Merkuriý hem goşular. Planetalaryň üçüsi-de Güne iň az ortaça aralykda ýerleşip, romb şekilini emele getirer. Wifleýem ýyldyzyny ýada salýan indiki şeýle şekil diňe 2235-nji ýylyň iýunynda bolup biler. 


18.04.2026 23:36
3.9k+

2026-njy ýylyň maýynda seýrek duş gelýän goşa dolan Aý hadysasy bolar

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýeriň ýaşaýjylary seýrek duş gelýän hadysany — bir aýyň dowamynda iki gezek dolan Aýyň emele gelmegini synlap biler. Bu barada K.E.Siolkowskiý adyndaky Döwlet kosmonawtika taryhy......

22.03.2026 16:34
4.2k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...

21.03.2026 11:26
5.5k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...

09.03.2026 14:06
13k+

Germaniýada asmandan inen meteorit ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi

Germaniýanyň günbataryndaky Reýnland-Pfalz federal ýerindäki Koblens şäherinde 8-nji mart güni agşam asmandan düşen meteorit bölegi ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi. Koblens polisiýasynyň berýän maglumatyna görä, Gýuls raýonynda sagat 19:00 töweregi kömürleşen asman jisimi jaýyň üçeklerini deşip geçdi...