Ak maýanyň ýolunyň merkezinde Saturn ölçegindäki «sergezdan planeta» tapyldy

  • 05.01.2026 08:32
  • 3.9k+

Halkara astronomlar topary Ak maýanyň ýolunyň merkezinde, Ýerden takmynan 9,9 müň ýagtylyk ýyly uzaklygynda ilkinji gezek uly «sergezdan planetany» (planet-izgoý) tapdylar. Ol ölçegi boýunça Saturn bilen deňeşdirerlikdir.

"Science" žurnalynda alymlaryň bellemegine görä, bu desganyň tapylmagy äpet planetalaryň hem öz dogduk ulgamlaryny terk edip bilýändigini tassyklaýar.
Bu desga «Eýnşteýn çölünde» ýerleşýär — bu massa diapazonynda uly planetalaryň öz ulgamlaryndan örän seýrek çykýandygy öňden bäri çaklanylypdy. Ozal mälim bolan «sergezdan planetalar» Neptundan ýeňildi, şonuň üçin hem täze tapylan bu desga özüniň agramlylygy bilen tapawutlanýar.
Açyş Warşawa uniwersitetiniň obserwatoriýasynyň direktory Anjeý Udalskiniň ýolbaşçylygyndaky OGLE taslamasynyň çäklerinde amala aşyryldy. Taslama desgalary grawitasiýa mikrolinzasy effekti arkaly gözleýär: bu usulda alysdaky ýyldyzlaryň öňünde duran sönük ýa-da görünmeýän jisimler olaryň ýagtylygyny az-kem gyşardýarlar. Astronomlar şeýle jisimleriň arasyndan birnäçe «sergezdan planetany» tapmagy başardylar.
Bu desgalaryň anyk gelip çykyşy häzirlikçe nämälimligine galýar: käbir alymlar olary ulgamdan zyňlyp çykarylan planetalar diýip hasaplasa, beýlekileri olary örän sowuk goňur girdenekler — ýagny pes massaly, emele gelip bilmedik «şowsuz» ýyldyzlar diýip atlandyrýarlar.


11.06.2026 08:39
1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....

10.06.2026 10:51
1.1k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:17
2.8k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....

02.06.2026 12:47
6.2k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......