Hytaýly taýkonawtlar Aýa uçmak üçin Ýerdäki gowaklarda türgenleşik geçdiler

  • 11.01.2026 11:42
  • 2.8k+

Hytaýyň kosmonawtlar topary geljekde Aýa amala aşyryljak adamly uçuşlara taýýarlyk görmek maksady bilen, gowaklarda bir aýlyk ýörite okuw-türgenleşik geçdiler. Space News neşiriniň habar bermegine görä, bu maksatnama adamyň ekstremal şertler bilen özara gatnaşygyny öwrenmäge we Aýyň üstüni ýatladýan gurşawda hereket etmegi öwrenmäge gönükdirilendir.

Türgenleşik Hytaýyň günorta-günbataryndaky Çunsin şäheriniň daglyk sebitlerinde geçirildi. 28 hünärmen dört toparça bölünip, alty gün we bäş gijäni sowuk hem-de çygly ýerasty gowaklarda geçirdiler. Esasy maksat - daşky gurşawa gözegçilik, ýerasty kartalary düzmek we "kosmos-ýer" aragatnaşygyny simulýasiýa etmek.
Gowakdaky tapgyrdan başga-da, maksatnama jeňňellik şertlerinde iki günlük "diri galmak" okuwyny hem öz içine aldy. Gözegçi mugallymlar duýdansyz ewakuasiýalar we psihologik synaglar arkaly toparyň agzybirligini hem-de sazlaşykly işini barladylar. Şeýle formatdaky taýýarlyk Hytaýyň kosmos maksatnamasynyň taryhynda ilkinji gezek amala aşyryldy.

"Bu synaglardan alnan maglumatlar, kosmos stansiýasyndaky uzak möhletli missiýalara we Aýa uçjak kosmonawtlara psihologik goldaw bermek ulgamlaryny döretmekde möhüm ähmiýete eýe bolar" — diýip, Hytaýyň Kosmonawtlary barlamak we taýýarlamak merkeziniň hünärmeni Szýan Ýuan belledi.


11.06.2026 23:52
7.2k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik minara krany guruldy

Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy dünýäde iň beýik minara kran bolan LW3600-240NB-i döretdi. Bu tehnika örän beýik we agyr ýel generatorlaryny gurnamak üçin niýetlenilip, agramy 240 tonna çenli bolan ýükleri 241......

11.06.2026 10:55
1.6k+

NASA «Artemis III» missiýasynyň ekipaž düzümini yglan etdi

NASA agentligi 2027-nji ýylda amala aşyryljak Artemis III missiýasynyň düzüminde uçmaly dört astronawtyň atlaryny mälim etdi. Missiýa 2028-nji ýylda Aýyň günorta polýusyna ilkinji gezek adamyň aýak basmagyny......

11.06.2026 08:39
1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....

10.06.2026 10:51
1.1k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......