781

Türkmenistanyň DIM-nde Türkiýäniň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

17-nji sentýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Türkiýäniň ilçisi Ahmet Demirok bilen duşuşdy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma bildirilýän wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar...

2.1k+

Merkezi Aziýa we Ýaponiýa gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça hyzmatdaşlyk etmegi ylalaşdylar

16-njy sentýabrda Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat ministriniň başlyklyk etmeginde «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» formatynyň ministrler derejesindäki ikinji ykdysadyýet we energetika Dialogy geçirildi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, agzalan çäre Merkezi Aziýa döwletleriniň ýangyç-energetika pudagynyň degişli ministrlikleriniň ýolbaşçylary wideoaragatnaşyk arkaly we şahsy gatnaşdylar...

7.3k+

Tbiliside Türkmenistan bilen Gruziýanyň gatnaşyklary hakynda dokumental filmiň taslamasy maslahatlaşyldy

Tbiliside Türkmenistanyň ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedow bilen gruziýaly kinematograf Tengiz Malania duşuşdy. Duşuşyk iki ýurduň köpugurly gatnaşyklary barada dokumental film döretmek mowzugyna bagyşlandy. Ilçi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna hem-de 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmegine bagyşlanjak çäreler barada aýtdy...

5.9k+

Raşid Meredow Dohada Katar Döwletiniň Emiri bilen duşuşdy

15-nji sentýabrda Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowy kabul etdi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler. Duşuşykda Katar Döwletiniň Baştutany Türkmenistanyň Prezidentine hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna salamyny we çuňňur hormaty baradaky sözlerini ýetirmegi haýyş etdi...

5.3k+

Raşid Meredow Dohada adatdan daşary arap-yslam sammitine gatnaşdy

14–15 sentýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Arap döwletleriniň Ligasynyň hem-de Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň Daşary işler ministrleriniň nobatdan daşary maslahatyna we adatdan daşary arap-yslam sammitine gatnaşmak üçin Dohada sapar bilen boldy...

8.5k+

Raşid Meredow Dohada Kataryň döwlet ministri bilen duşuşdy

14-nji sentýabrda Dohada Türkmenistanyň wise-premýeri, daşary işler ministri Raşid Meredow Kataryň halkara hyzmatdaşlyk boýunça döwlet ministri Mariam bint Ali bin Nasser Al-Misnad bilen duşuşdy. Duşuşyk Kataryň paýtagtynda duşenbe güni geçirilmegi meýilleşdirilen adatdan daşary arap-yslam sammitine taýýarlyk duşuşygynyň çäklerinde geçirildi diýip, Orient habar berýär...

1.5k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada ÝHHG-niň Hemişelik Geňeşiniň mejlisinde garaýyşlaryny beýan etdi

11-nji sentýabrda Wena şäherinde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Hemişelik Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşdy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, ara alyp maslahatlaşma ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň Prezidenti jenap Pere Žoan Pons Sampýetro tarapyndan Hemişelik Geňeşe ýetiren hasabatyň çäklerinde geçirildi...

1.9k+

Raşid Meredow BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy bilen duşuşdy

10-njy sentýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenkonyň arasynda duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň DIM-nde habar bermeklerine görä, duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar...

13k+

Türkmenistan Ysraýylyň Doha şäherindäki ýaşaýyş etrabyna uran zarbalaryny ýazgardy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi penşenb güni Ysraýyl Döwletiniň Doha şäherindäki ýaşaýyş etrabyna uran zarbalaryny ýazgaryp, beýanat bilen çykyş etdi. Beýanatda bellenilişi ýaly, Türkmenistan şeýle hereketlere Katar Döwletiniň özygtyýarlylygyna kast edilmegi we halkara hukugynyň kadalarynyň gödek bozulmagy hökmünde garaýar...

1.8k+

Raşid Meredow Finlýandiýanyň ÝHHG-däki Ýörite wekili bilen duşuşdy

8-nji sentýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Finlýandiýanyň ÝHHG-däki Ýörite wekili Teri Hakala bilen duşuşyk geçirdi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler. Gepleşikleriň dowamynda taraplar syýasy, ykdysady-ekologik we ynsanperwer ugurlaryň çäklerinde Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasyndaky köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar...

4.7k+

Türkmenistanyň Türkiýäki ilçisi Erzurum welaýatynyň häkimi bilen duşuşdy

2-nji sentýabrda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi M.Işangulyýew Erzurum welaýatynyň häkimi Mehmet Sekmen bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär. Duşuşygyň barşynda taraplar oba hojalyk, senagat, medeni-ynsanperwer we syýahatçylyk ugurlaryny öz içine alýan sebitara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar...

1.3k+

Hindistan ilçisi Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýar

30-njy awgustda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Aşgabatda öz diplomatik missiýasyny tamamlaýan Hindistanyň ilçisi Madhumita Hazarika Bhagat bilen duşuşdy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen-hindi gatnaşyklarynyň häzirki ösüş derejesine ýokary baha berdiler...

2.9k+

Türkmenistanyň ilçisiniň Irlandiýa iş saparyny amala aşyrdy

25-nji awgustda Türkmenistanyň Irlandiýadaky ilçisi Ýa.Serýaýew (oturýan ýeri London ş.) Dublin şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär. Saparyň dowamynda ilçi Irlandiýanyň Daşary işler we söwda ministrliginiň Protokol bölüminiň başlygynyň orunbasary Ralf Wiktor bilen duşuşdy we ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy...

8k+

Moskwada Raşid Meredowyň we Sergeý Lawrowyň duşuşygy geçirildi

28-nji awgustda Moskwada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary çuňňur strategik hyzmatdaşlygyň ýörelgelerine esaslanýan döwletara dialogyň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler...

1.8k+

Aşgabatda Pakistanyň DIM-niň wekiliýeti bilen duşuşyklar geçirildi

25-nji awgustda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Günbatar Aziýa ýurtlary we Owganystan boýunça Pakistanyň DIM-niň Goşmaça sekretary Saýed Ali Asad Gillaniniň arasynda duşuşyk geçirildi.  Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň özara gyzyklanma bildirýän ugurlardaky hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdylar...