GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň indiki mejlisi Türkmenistanda geçiriler

  • 20.04.2026 15:31
  • 1.8k+

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Moskwada geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisine we «Merkezi Aziýa – Russiýa» formatyndaky duşuşyga gatnaşdy.

Gepleşikleriň dowamynda diplomatlar halkara gün tertibiniň möhüm meselelerini we Arkalaşygyň 35 ýyllygynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy. Duşuşygyň möhüm netijesi hökmünde GDA-nyň daşary işler ministrleriniň indiki mejlisini 2026-njy ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanda geçirmek barada çözgüt kabul edildi.

Gysga we giňişleýin düzümlerde geçirilen duşuşyklaryň dowamynda Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary geçen ýylyň işleriniň netijelerini jemledi.

Ahmet Gurbanow özara gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini we bilelikdäki işler üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtady. Maslahatlaşmalaryň netijeleri boýunça syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda tagallalary utgaşdyrmaga gönükdirilen çözgütler kabul edildi.

Şol bir wagtyň özünde, «Merkezi Aziýa – Russiýa» formatynda daşary işler ministrleriniň dokuzynjy duşuşygy geçirildi. Gatnaşyjylar 2025–2027-nji ýyllar üçin bilelikdäki hereketleriň Meýilnamasynyň durmuşa geçirilişine seretdi we sebit howpsuzlygy meselelerini maslahatlaşdy. Energetika, ekologiýa we ykdysadyýet ulgamlarynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berildi.


şu gün 16:45
333

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

düýn 22:17
1.8k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
5.2k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.3k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....