Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Bäşinji Antalýa diplomatik forumyna gatnaşdy

  • 21.04.2026 09:32
  • 2.2k+

2026-njy ýylyň 17-18-nji aprelinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Antalýada «Geljegi meýilleşdirmek, nämälimlikleri dolandyrmak» şygary astynda geçirilen Bäşinji Antalýa diplomatik forumyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Forumyň dowamynda türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Merkezi Aziýa döwletleriniň ählumumy ornuna bagyşlanan mejlisde çykyş edip, sebit durnuklylygyny berkitmek, energetika howpsuzlygyny üpjün etmek we halkara ulag geçelgelerini ösdürmek boýunça Türkmenistanyň garaýyşlaryny beýan etdi.

Çykyşda Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen täze konsultatiw duşuşyklaryň ähmiýeti we energiýa serişdelerini diwersifikasiýalaşdyrmak, hususan-da TAPI gaz geçirijisi hem-de elektrik energiýasynyň eksporty boýunça alnyp barylýan işler aýratyn bellenildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň energetika durnuklylygy barada BMG-niň çäklerinde öňe süren kararnamalarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilişi we «Türkmenistan – Hytaý» gaz geçirijisiniň sebitdäki hyzmatdaşlykda tutýan orny barada durlup geçildi.

Mundan başga-da, Merkezi Aziýanyň Gündogar – Günbatar we Demirgazyk – Günorta ugurlarynda möhüm ulag merkezi hökmünde eýeleýän ornuny has-da pugtalandyrmak üçin sebit ýurtlarynyň tagallalaryny utgaşdyrmagyň zerurlygy nygtaldy.


14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.7k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......