Türkmenistanyň DIM-inde HZG bilen hyzmatdaşlygyň «Ýol kartasynyň» durmuşa geçirilişi maslahatlaşyldy

  • 20.04.2026 15:03
  • 1.7k+

18-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Miranda Faýermanyň ýolbaşçylygyndaky Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) wekiliýeti bilen duşuşyk geçirdi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar zähmet gatnaşyklary ulgamynda anyk netijeleri gazanmak üçin esasy gural bolup hyzmat edýän 2026-njy ýyl üçin hyzmatdaşlygyň «Ýol kartasynyň» ýerine ýetirilişine üns berdi. HZG-niň wekiliýetiniň saparynyň amaly wezipeleriniň biri hem ýurduň welaýatlarynda döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynda bilelikdäki tegelek stol maslahatlaryny geçirmekden ybarat bolar.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň kadalaşdyryjy binýadyny kämilleşdirmäge we halkara zähmet ülňülerini ornaşdyrmaga gönükdirilen HZG bilen özara gatnaşyklarynyň ulgamlaýyn häsiýeti bellenildi. Duşuşyga gatnaşyjylar 2025-nji ýylda geçirilen barlaglaryň netijelerine ýokary baha berdi we ýerlerde alynýan maglumatlaryň ähmiýetini nygtady.

Şeýle hem taraplar bilelikdäki başlangyçlary halkara maglumat giňişliginde has giňişleýin beýan etmegiň zerurdygyny ara alyp maslahatlaşdy. Duşuşygyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň we HZG-niň wekilleri netijeli gepleşikleri dowam etdirmäge we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny tassyklady.


06.05.2026 20:34
9.8k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......

01.05.2026 23:15
9.6k+

Ministrler Kabinetinde Türkmenistanyň dört aýda durmuş-ykdysady ösüşiniň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň 2026-njy ýylyň ilkinji dört aýynda bitiren işleriniň jemleri......