Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Seulda türkmen talyplary bilen duşuşdy

  • 10.04.2026 16:58
  • 3.8k+

7-nji aprelde Koreýa Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Koreýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşyk geçirdi diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Çäräniň esasy maksady ýaşlaryň durmuş we okuw şertleri bilen tanyşmakdan ybarat boldy. Daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary talyplara Watanda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler we 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygarynyň ähmiýeti barada gürrüň berdi.

Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň täze derejä çykmagyna aýratyn üns berildi.

Hususan-da, diplomat 2026-njy ýylyň sentýabr aýyna meýilleşdirilen ilkinji «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» sammitine görülýän taýýarlyklar we Prezident Serdar Berdimuhamedowyň bu ýurda meýilleşdirilýän sapary barada aýtdy.

Ministriň orunbasary talyplaryň okuw ýetişigi bilen gyzyklandy we döwletiň olaryň döwrebap bilim almagy üçin ähli şertleri döredýändigini nygtady.


düýn 15:15
977

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

12.06.2026 01:36
5k+

Lebap welaýatynda migrasiýa gullugynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýy gurlar

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň etrap bölüminiň işgärleri üçin gulluk ýaşaýyş jaýynyň taslamasyny düzmek, ony gurmak, ýanaşyk......

11.06.2026 14:06
7.3k+

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy DÇ-2026-nyň 104 oýnunyň ählisini görkezer

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň ähli oýunlaryny görkezer. Dünýä çempionaty eýýäm şu gije, Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da başlar....

11.06.2026 14:01
7.8k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....