Türkmenistanyň DIM-inde Ýewropa Komissiýasynyň wekili bilen gepleşikler geçirildi

  • 26.03.2026 16:45
  • 1.1k+

25-nji martda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Ýewropa Komissiýasynyň Halkara hyzmatdaşlygy boýunça Baş müdirliginiň (DG INTPA) Merkezi Aziýa we Owganystan boýunça bölüminiň ýolbaşçysy Şarlotta Adrian bilen duşuşygy boldy.

Taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdy. Söwda-ykdysady gatnaşyklara hem-de Merkezi Aziýa bilen ÝB-niň arasyndaky ulag-üstaşyr ugurlaryny ösdürmäge aýratyn üns berildi.

Energetika ulgamyndaky özara hereketleriň meselelerine aýratyn garaldy. Hereket edýän formatdaky dialogy dowam etdirmäge, şeýle hem ýaşyl ösüş we howanyň üýtgemegi bilen bagly gün tertibi ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmäge bolan özara gyzyklanma bellenilip geçildi.

Şeýle-de, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň meseleleri maslahatlaşyldy. Gepleşikleriň dowamynda ýaşlary goldamaga, durnukly energetika, söwda we sanly aragatnaşyga gönükdirilen ÝB-niň maksatnamalaryny we taslamalaryny durmuşa geçirmek barada gürrüň edildi.

Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn formatda, şeýle hem «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» dialogynyň çäklerinde berkitmäge ygrarlydyklaryny tassyklady.


02.06.2026 21:16
5.4k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......

31.05.2026 13:30
6.9k+

Fransiýada 3D-printerde Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýy çap edildi

Fransiýada 3D çap tehnologiýasy ulanylyp gurlan Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy tamamlandy. 12 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýy üç gatly bina bolup, bary-ýogy 34 günde çap edildi....

22.05.2026 14:19
2k+

BMG dünýä ykdysadyýetiniň haýallap, inflýasiýanyň ýokarlanjakdygyny çaklaýar

Birleşen Milletler Guramasy geosyýasy gapma-garşylyklar, inflýasiýanyň artmagy we global näbellilikler sebäpli, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň haýallajakdygyny çaklady....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....