Türkmenistanyň DIM-inde Ugandanyň wekiliýeti bilen birnäçe meseleler maslahatlaşyldy

  • 24.03.2026 19:40
  • 2.3k+

2026-njy ýylyň 24-nji martynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Uganda Respublikasynyň Daşary işler boýunça döwlet ministri Genri Oriýem Okello bilen duşuşyk geçirdi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny hem-de geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy. Bu barada daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Söhbetdeşligiň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň yzygiderli ösýändigi bellenilip, 2025-nji ýylyň awgustynda Ugandanyň premýer-ministri Robina Nabbandjiniň Awazada geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmagynyň döwletara gatnaşyklarda möhüm tapgyr bolandygy nygtaldy.

Duşuşykda iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek maksady bilen, syýasy geňeşmeleriň birinji tapgyryny 2026-njy ýylyň ikinji ýarymynda Aşgabatda geçirmäge bolan gyzyklanma tassyklandy.

Taraplar BMG-niň çäklerinde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça tagallalary utgaşdyrmagyň ähmiýetini belledi.

Şeýle-de, oba hojalygy we nebitgaz ulgamlarynda işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmek üçin täze platformany döretmek barada pikir alşyldy. Bilim, ylym, medeniýet, sport we syýahatçylyk ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek meýilleşdirilýär.

Gepleşikleriň ahyrynda taraplar özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny tassyklady.


düýn 19:38
3.5k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......