Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde CICA-nyň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirildi

  • 18.03.2026 00:11
  • 2.2k+

2026-njy ýylyň 17-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň (CICA) Baş sekretary Kaýrat Sarybaý bilen gepleşikleri geçirdi. Bu barada daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşygyň başynda türkmen tarapy ilçi Kaýrat Sarybaýa 2025-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçirilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan Halkara foruma işjeň gatnaşandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň 2021-nji ýyldan bäri guramada synçy hökmünde Aziýa sebitinde parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek baradaky başlangyçlary yzygiderli goldaýandygy nygtaldy.

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar Merkezi Aziýada howpsuzlyk we ösüş meseleleri boýunça hemişelik forumy döretmek, şeýle hem energetika, ulag we ekologiýa ýaly möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdy. BMG-niň Terrorçylyga garşy ählumumy strategiýasyny durmuşa geçirmek we Owganystandaky ýagdaýy durnuklaşdyrmak, goňşy halka ynsanperwer hem ykdysady kömekleri bermek, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistan bilen CICA-nyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge bolan gyzyklanma tassyklanyldy.


düýn 19:38
5k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.8k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

24.06.2026 23:05
2.5k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

23.06.2026 22:17
2.5k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......