Türkmenistanyň DIM-inde Niderlandlar Patyşalygynyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

  • 18.03.2026 19:51
  • 1.4k+

2026-njy ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ministriň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Niderlandlar Patyşalygynyň Türkmenistandaky ilçisi (oturýan ýeri Astana şäheri) Nikolaas Shermersiň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna baha berip, gatnaşyklary ösdürmegiň geljekki ugurlary barada pikir alyşdy.

Duşuşykda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin bar bolan uly mümkinçilikler bellenilip, döwlet edaralarynyň, işewür toparlaryň hem-de ylym-bilim edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmäge aýratyn gyzyklanma bildirildi.

Şonuň bilen birlikde, taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny has-da berkitmegiň hem-de halkara guramalaryň we sebit başlangyçlarynyň çäginde özara goldaw bermegiň ähmiýetini nygtady. Gepleşikleriň ahyrynda taraplar netijeli dialogy ähli ugurlar boýunça dowam etdirmäge we hyzmatdaşlygy täze derejä götermäge taýýardyklaryny tassyklady.


düýn 22:17
501

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
2.4k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......