Pekinde Raşid Meredow bilen Wan Iniň arasynda duşuşyk geçirildi

  • 19.03.2026 15:51
  • 3.3k+

18-nji martda Pekinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministri Wan I bilen duşuşygy boldy. Gepleşikler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaýa amala aşyrýan saparynyň çäginde geçirildi.

Taraplar Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösmegini dowam etdirýändigini we ýokary derejedäki özara gatnaşyklar arkaly täze mazmun bilen baýlaşýandygyny belledi.

Wan I Gurbanguly Berdimuhamedowyň hytaý halkynyň öňden gelýän we wepaly dostudygyny nygtady. Diplomat iki ýurduň ýolbaşçylary tarapyndan binýady tutulan gatnaşyklaryň geljekki hyzmatdaşlyk üçin esas bolup galýandygyny aýtdy.

Raşid Meredow hytaý tarapyny «iki sessiýanyň» geçirilmegi bilen gutlady we Türkmenistanyň Hytaýyň dünýäde howpsuzlyga hem-de durnukly ösüşe gönükdirilen dört sany ählumumy başlangyjyny goldamaga ygrarlydygyny tassyklady.

Taraplar dialogy ösdürmek üçin meýdança hökmünde garalýan üçünji «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitine görülýän taýýarlyk işlerine aýratyn üns berdi.

«Türkmenistan we Hytaý köpasyrlyk dostluk däplerine hem-de deňhukuklylyk ýörelgelerine daýanyp, döwletara gatnaşyklaryny ählumumy parahatçylygyň we rowaçlygyň bähbidine ösüş ýoly bilen yzygiderli ilerletmegi dowam ederler» diýip, duşuşyga gatnaşyjylar nygtady.


düýn 19:38
2.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......